Jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen berk baglanyşyklydygyny belleýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwrüň talabyna laýyk, giň dünýägaraýyşly, ösen ylmy tehnologiýalardan ýokary derejede baş çykarýan kämil ýaşlary ýetişdirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiz bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini nygtady. Şunda, aýratyn-da, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy hem-de takyk ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, ylmyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň we elektron resminama dolanyşygy ul