Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!
Türkmen agyr atletikaçylary Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dünýä rekordlarynyň ikisini täzeläp, 28 medal gazandylar. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş, 9-sy bürünç medallardyr. Çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow ýene-de iki sany dünýä rekordyny täzeledi. 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz agyrlygy silterläp galdyrmakda 177 kilogramlyk netije görkezip, bu ugurda altyn medalyň eýesi boldy. Ştangany silterläp galdyrmakda bolsa netijesini 219 kilograma ýetirdi. Munuň özi Şahzadbegiň ozal hem özüne degişli bolan ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzeländigini görkezýär. Ol sentýabr aýynda goýan rekordyny 3 kilogram artdyrdy. Bu çykyşyň has guwandyryjy tarapy bir rekordyň ikinji bir rekorda-da sebäp bolmagydyr. Çünki Şahzadbegiň umumy görkezijisi 396 kilograma ýetdi. Bu netije-de ýaşlaryň arasyndaky täze dünýä rekordydyr.