“Aşgabada gelip, çagalygyma dolanýaryn”
Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary uly ruhubelentlikde dowam edýär. Düýn russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy. Bizem Aşgabatda doglan russiýaly aýdymçy Olga Şultaýs bilen söhbetdeş bolup, onuň Täze ýyl gutlaglaryny we paýtagtymyz bilen bagly ýatlamalaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. — Aşgabat — durmuşymyň iň süýji günleriniň, çagalyk ýyllarymyň geçen ýeri. Men şu şäherde doguldym, önüp-ösdüm, sungat älemine-de ilkinji gezek şu ýerde gadam basdym. Şonuň üçin bu gözel mekanyň durmuşymdaky ornuny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Aşgabat hakyndaky ýüregimde beslän arzuw-umytlarymy, küýseg-telwasymy «Paýtagt» atly aýdymymda jemlemäge çalyşdym. Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygynda-da ata Watanymda konsert maksatnamasy bilen çykyş etmek miýesser edipdi. Şonda bu aýdymy hut şu sahnada ähli zehin-yhlasymy siňdirip ýerine ýetirmäge çalyşdym. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony tü