"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Ro­waç­ly­gyň röw­şen ýo­ly

Berkarar Watanymyzda jemgyýeti jebisleşdirmegiň, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemegiň möhüm serişdesi hökmünde bedenterbiýe we sport üstünlikli ösdürilýär. Türgenlerimiziň halkara sport giňişliginde gazanýan ýeňişleri her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu ugurdaky möhüm wezipelere garalmagy degişli ulgamda netijeli çäreleriň dowam etdiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň netijesinde başy başlanan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak babatdaky nusgalyk işler bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda milli hem öňdebaryjy tejribeler, ylmyň, tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynd

Döw­let sy­la­gy – uly hormat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyzyň jebisliginiň dabaralanmasy bolan bu taryhy mejlisde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň uly topary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Olaryň arasynda bedenterbiýe-sport ulgamynyň hünärmenleriniň hem bolmagy guwandyryjydyr. Şamyrat SERÄÝEW,

Il-ýurt bähbidine

Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Taryhy ähmiýetli mejlisde il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm wezipeleri kesgitlemek babatynda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi. Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiň hem rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Asylly däbe öwrülen bu halk bähbitli maslahatyň gönüden-göni ilimiziň abadan durmuşy hakyndaky alada ýugrulmagy her birimiziň kalbymyzda bagtyýar ýurduň raýatydygymyza bolan çäksiz buýsanjy döretdi.

Dabaraly duşuşyk

1-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabara professor-mugallymlar, talyp ýaşlar, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilen günlerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip, täze ösüşlere badalga berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi hem halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, oňyn özgertmeleriň, täzelenişiň ýolundan ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dabaraly duşuşykda bu barada giňişleýin söhbet edildi.

Milli buýsanjymyz

«Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen atşynaslyk sungaty täze ösüş ýoluna düşdi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende göterildi. Atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, saýlama ahalteke bedewleriniň tohumyny kämilleşdirmek, arassa ganly bedewleriň tohumynyň seleksiýasynyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny özleşdirmek, bedewleri halkara ýaryşlara taýýarlamak we beýleki birnäçe ugurlar boýunça tutumly işlere badalga berildi. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary pederlerimiziň atşynaslyk, seýisçilik boýunça bize galdyran gymmatly mirasyny öwrenmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Sport we syýahatçylyk

Golaýda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. BMG-niň bu maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Şeýle hem çärä 40-dan gowrak ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, halkara guramalaryň wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylarydyr ýokary taýýarlykly hünärmenleri gatnaşdylar. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze, şeýle hem, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bilşimiz ýaly, sport we syýahatçylyk bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Arturow «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan geçirilen çeperçilik bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy. «Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin näme edip bilerin?» diýen mowzuk boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden surat eserleriniň 80-den gowragy hödürlenildi. Onda çärjewli mekdep okuwçysynyň işi «Iň gowy iş» diýlip yglan edildi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinden gatnaşan okuwçylar eýelediler.

Uly isleg bildirilýän önümler

Daşoguz şäherindäki «Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti süýt önümlerini öndürmekde we halka ýetirmekde welaýatymyzda adygan hususy kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Çünki onuň ilata hödürleýän önümleri köpçüligiň uly isleginden peýdalanýar. Şonda bu ýerde öndürilýän hem-de ýerlere ugradylýan 20-den gowrak görnüşdäki süýt önümleri ýokary hilliligi, täzeligi, gelşikli gaplara gaplanandygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň geçen dokuz aýynda hem gaýratly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazandylar. Olar şu döwrüň dowamynda 4,5 million manatlyga golaý süýt önümlerini alyjylara ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhanada döwrebap enjamlary ulanmak arkaly alnyp barylýan işler oňat netijesini berýär. Bu hem onuň şu şan-şöhratly ýylymyzy üstünlikli jemlemegine şert döredýär.

Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar

Türkmenistan ägirt ösüşler, şanly wakalar, dabaralar bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny garşy aldy. Bu uly baýrama eltýän her dem, pursat milletiň ruhy göterilişinden habar berýär. Ynsan ýaşaýşy üçin köňül joşgunyndan, rahatlykdan, toýly günlerden uly bagt barmy?! Gahryman Arkadagymyz «Dowam bolsun!» şygrynda: «Durmuş bir kitap ýalydyr» diýip ýazdy. Durmuş Kitaby! Oňa näme ýazylsa, şony okap bolar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu kitaba bagtyýarlyk hem gülläp ösüş baradaky uly taryh ýazylýar. Bu taryhy dünýä okaýar we ondan ýaşaýşyň kämil nusgasyny görýär. Bu taryhy geljek nesiller okar we şonuň bilen olaryň köňülleri buýsançdan dolar, öňlerinde mertebeli durmuşa ýetmegiň, ony gorap saklamagyň syrlary açylar. Eýsem, şeýle durmuşy ybarat etmegiň gözbaşynda duran güýç nämedir?

UMUMYMILLI FORUM: döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

Işe täzeçe çemeleşme Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Ählihalk forumyna gatnaşmagymyz milli buýsanjymyzy, baýramçylyk şatlygymyzy has-da artdyrdy. Mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatdaky meselelere seredilip, birnäçe oňyn çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlary maliýe işgärlerinde-de aýratyn täsir galdyryp, işimizi şu günüň talabyna laýyk derejede, täzeçil guramaga, gözlegli we has döredijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar. Döwletli maslahatyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 20

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Berkidiş-rejeleýiş işlerine girişildi

Ýagşy işler — ömürleriň ýalkawy

(Oçerk) Bu sözbaşy gadymy Gürgenjiň başy bulutlara direýän minarasynyň kybla-günbatar tarapynda «täze dörän Gürgenji» synlap durkam döredi. Elbetde, «Täze Gürgenç» diýýäniň näme?» diýjeklerem tapylar. Hawa, şu söhbediň özi biziň günlerimizde şeýle galany döreden adam hakda. Uzynakdan hortap, hereketleri juda çulum, atýüzlüräge-de garaýagyz keşbi mähre ýugrulana meňzeş, çukurrakdan ala gözleri hemişe gülüp duran adamyň ilki özüni diňläp görmeli:

Iň tapawutlanan «akylly» şäher

Her ýylyň 27-nji sentýabrynda geçirilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet münberiniň öňünde dabaraly ýöriş bilen başlandy. Giňden bellenip geçilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli welaýatlary, paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de Arkadag şäheri öz zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Bu dabaraly ýörişde sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň pawilýonynyň ilkinji bolup geçmegi has-da buýsandyryjydyr. Şäheriň gazanan üstünlikleri hem-de bu şäherde adamyň bähbidine gönükdirilen döwrebap mümkinçilikler we şertler waspnamalarda öz beýanyny tapdy.

Türkmeniň bagtyna şandyr bedewler

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk toýy mynasybetli at çapyşyklary guraldy. Onda dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Olaryň görkezen netijesi şeýle boldy. Ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar 1600 metr aralykda bäsleşdiler.

Jaý toýlary tutuldy

Ýurdumyzda ähli toýlar goşa-goşadan gelýär. Ine, ýaňy-ýakynda asuda Diýarymyzda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýaşlaryň şäheri adyna eýe bolan Arkadag şäherinde täze jaýly bolan ildeşlerimiziň tutan toýlary-da aýdanlarymyza şaýatdyr. Täze öýüň eýeleriniň ýürek buýsanjyny diňlemek has-da ýakymly.

«Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!»

Mähri JUMAÝEWA,Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bölüm müdiri: — Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň derwaýys meselelerini öňe sürýän hem-de olar boýunça mynasyp çözgütleriň kabul edilýän Halk Maslahatynyň mejlisi türkmen halkynyň ýagty geljegini nazarlaýar. Maňa hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň adyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etmek bagty miýesser etdi.

Şygryň dünýäň senasydyr, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzy täze eseri — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Parahatçylyk — adamzadyň iň uly baýlygy. Ähli zadyň, ýetilen sepgidiň, ýeňişleriň, batly gelişleriň sakasynda, ilkinji nobatda, bu gymmatlyk dur. Gahryman Arkadagymyz muny öwran-öwran nygtaýar.

«Bir-biregi sarpalap ýaşamaly dünýädir!»

Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Arkadag şäheriniň ak sakgally ýaşululary, kümüş saçly eneleri hem-de Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Il-halkyň bir iş tutsa...

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalyna nur çaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan belledi. Halkymyz uly joşguna beslenen bu nurana baýramçylyga her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, onuň taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň aýdan çuň manyly sözleri hakydaňa gelýär: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Olar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Garaşsyzlygyň olara näme berýändigini we geljekde näme berjekdigini, öz ykbalyna nähili täsir etjekdigini duýdular». Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ulgamlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi, il-ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň parasata ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyz bu ýyl hem şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünliklerini, bitiren beýik işlerin

Döwletlilikden nyşan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýy uly zähmet üstünlikleri bilen baýram edildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaraly bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň, erkinligiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halk Maslahaty Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan berkitmek ugrunda esasy sütünleriň biri bolup, döwlet bilen halkyň bitewüliginiň subutnamasydyr. Bu maslahat döwletli maslahat boldy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmek, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny pugtalandyrar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütler bolsa bizi ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermäge, has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň eş