"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Göllerde möhürlenen müňýyllyklar

Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz muňa «Watanyň parçasy» diýýärler. Ol türkmen ruhunyň we kalbynyň «sözlügini» açyp görkezýär. Gürrüň, elbetde, haly hakda barýar. Halyşynas bolmasagam, biziň ählimiz onuň aşygy we muşdagy. Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine barmagyma sebäp bolan zat hem, meger, ilkinji nobatda, şol jadyly gözellige hyrydarlyk bolsa gerek. Türkmen halysynyň milli muzeýiniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň binalary-da erişden geçirilen argaç ýaly, sazlaşykly reňk öwüşginini we bitewi kompozisiýany — binagärlik ansamblyny emele getirýär. Türkmen halysynyň muzeýi 1994-nji ýylda açylýar. 2009-njy ýylyň awgustynda täze, döwrebap binasy gurulýar hem-de oňa «milli» diýen dereje berilýär. Bu kaşaň binalaryň gabadyndan telim gezek geçenem bolsam, açylan gününden bäri ildeşlerimiziň we jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülenem bolsa, meniň oňa ilkinji gezek gelşim. Maňa bu ýerde naýbaşy we juda seýrek haly eksponatlarynyň bardygyny aýtdylar. Muzeýde eden gürrüňimizem şolar hakda boldy.

Pähim-paýhasyň huzurynda

Magtymguly Pyragynyň dury paýhasyndan syzylyp çykan setirler her bir adam üçin ömür menzillerindäki ýolbelet mysalydyr. Çünki şol setirlerde durmuşyň, ýaşaýşyň manysyna düşünmäge iterýän, belent maksatlara ruhlandyrýan pähim-parasat bar. Bu şygyrlary okadygyňça, ylym-bilim bilen gurşalan täsin dünýäniň içine aralaşýan ýaly bolýarsyň. Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymgula düşünmegiň özi ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly habarlylygy talap edýär. Şol mazmundaky kitaplary we beýleki ylmy-edebi eserleri okap öwrenmek arkaly biz şahyryň eserlerindäki köp sanly rowaýatlaryň, öwüt-ündewleriň, ylmy maglumatlaryň many-mazmunyna giňişleýin akyl ýetirip bileris. Çünki şahyryň goşgularynyň aýratynlygy ummasyz uly taryhy wakany birje setire sygdyryp bilýänligidir. Bu akyldar şahyrymyzyň paýhas kämilliginiň we ussatlygynyň güwäsidir.

Gurmak we döretmek — döwrüň şanly şygary

Häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, onuň yzygiderli ösdürilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Pudagyň düzümleriniň işi döwrebaplaşdyrylýar, oňa ösen tejribeler, ylmyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini sanlyja gün ozal, 3-nji noýabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem ýene bir gezek aýdyň subut etdi. Hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat bolsa bu pudagyň giň mümkinçiliklerini tanyşdyrmagyň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmakda ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Gazanylýan ägirt uly üstünlikler netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Bu üstünliklerde her bir ulg

Täzelikler

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir hünärmenleri üstümizdäki ýylyň her bir aýyny zähmet ýeňişlerine besleýärler. Şonuň netijesinde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişi artdyrylýar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň 8 milliard 417 million kub metrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr. Şeýle-de bu ýerde gaz kondensatynyň 30,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, meýilnama 103,7 göterim berjaý edildi. Şeýle üstünlik işleriň sazlaşykly guralmagy, guýularyň önüm berijiliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly gazanylýar.

Täze hasyl üçin hasaplaşyklar günübirin geçirilýär

Şu günlerde welaýatymyzyň «ak altynly» meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak ugrunda gyzgalaňly zähmet çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň pagtanyň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary we önüm öndürijileriň zähmetini höweslendirmek maksady bilen guralýan dürli çäreler pagta ýygymynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Döwlete tabşyrylýan pagta üçin dessine, günübirin hasaplaşyklaryň geçirilip durlandygy üçin daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň zähmet adamlary we beýleki önüm öndürijiler hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarlar.

Gülläp ösüşiň ýoly bilen

Watanymyzyň şöhratyna şan goşup

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirip, mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täzelenişe, ösüş-özgerişlige gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, il-ulsuň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň rowaçlyga, abadançylyga gönükdirilen tutumly işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.

Berkarar döwletiň buýsanjy

Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty, Merkezi Aziýanyň merjeni bolmak bilen, ösen senagatlaşan şähere öwrüldi we durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň hem-de gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nusgasydyr. Bu gün halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda şol günden bäri her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilýär. Aşgabat — dost-doganlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň şäheri. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny Bitaraplyk ýörelgeleri kesgitläp, sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy, abadançylygy, gülläp ösüşi üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň onlarçasynyň diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň iş edaralary ýerleşýär. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň dünýä jemg

Janypkeş zenan

Halkymyz çagalara bilim, edep-terbiýe berýän adamlara belent sarpa goýýar. Perzendiň ýedi atasynyň biri hasaplanylýan mugallymlar tutuş jemgyýetiň öňünde uly hyzmatlary bitirýärler. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti arkaly halkyň, ýurduň geljeginiň binýady tutulýar. Şol sebäpli bilim işgärleri özleriniň jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek, döwrebap nesilleri kemala getirmek işinde döredijilikli zähmet çekýärler. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny sarp edýänler barada gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda Baýramgül Ýaýylowanyň adyny hem agzasymyz gelýär. — Bilim işgäri bolmak çagalyk arzuwymdy. Bu abraýly kesbe söýgini ilki ene-atam, soňra mekdep mugallymlarym döredipdi. Şol sebäpli orta mekdebi tamamlap, mugallym bolmak barada eden arzuwymy hasyl etmäge girişdim — diýip, ol geçen ýyllaryň wakalaryny hakydasynda janlandyrýar.

Sözüm saňa, Pyragy!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy edebi pikiri çeper beýan etmegiň juda kämil tejribesini edebiýata getiren ajaýyp söz ussadydyr. Ol söze täze mazmun berip, oňa erk edip bilen beýik şahyrdyr. Munuň şeýledigini şahyryň uç-gyraksyz çeperçilik dünýäsi aýdyň tassyklaýar. Akyldar Pyragynyň dünýägaraýşynda ruhuň hem ylmyň aňyýet bitewüligi, dünýewi hem ylahy düşünjeleriň adamzadyň belent maksatlaryna gönükdirilmegi we ynsanyň ýaşaýşyna çuň many-mazmun berýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ulgamlaýyn häsiýeti şahyryň döredijilik güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň halk-millet hökmünde öz-özüni ykrar etmegi bolup orta çykýar. Şahyryň döredijiliginde şahsyýetiň özüni adam hökmünde ykrar etmegi adamzat meselesi bilen utgaşýar. Dana şahyryň liriki gahrymany okyjyny Adam diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaga çagyrýar. Ol her bir adamyň durmuşynyň jemgyýet bilen aýrylmaz arabaglanyşykdadygy üçin adamzadyň kämil ynsan gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Söz ussadynyň ýaşaýyş hem jemgyýet hakyndaky garaýyşlary umumadamzat derejesindäki ylmy-intellektual gymmatlyk hökmünde şahyry dünýä giňişligine çykarýar we ony akyldar mertebesine eýe edýär. Akyldar şahyr adamlaryň bähbidine ýugrulan

Ata pendi

Öten agşam atam girip düýşüme,Diýdi: «Serpaý — ülüş paýy ýetdikden,Yhlas etgin, bil baglaýyp güýjüňe,Ynamym bar kesbi dowam etjegňe. «Döwrümiz — iň naýbaşysy döwürleň,Esas köpdür döretmäge, gurmaga.Goşgy ýazyp, taryp edip göwünleňÇemen bolup, güldanynda durmaga.

Ylham ýaýlasy

Näzli ýarym Syrly bakyp, mähre çoýýarGüne meňzeş Näzli ýarym.Aşygyn haýrana goýýarGüle meňzeş Näzli ýarym.

Bedew — hem syrdaş, hem ýoldaş

Türkmen halky asyrlardan aşyp gelýän ata-baba ýol-ýörelgelerini özüniň gymmatly mirasy hökmünde häzirki güne çenli aýap, olary arzylap gelýär. Halkymyzyň arasynda şeýle uly hormata mynasyp bolan gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň ýürek buýsanjy, goşa ganaty, syrdaşy hem ýoldaşy bolan gamyşgulak ahalteke bedewleridir. Türkmeniň durmuşynda atçylyk ýöne bir miras bolmak bilen çäklenmän, ol tebigata, ýaşaýşa bolan söýgini ebedileşdiren nusgawy sungat bolup durýar. Taryh nireden, durmuşyň haýsy ýollaryndan başlanýan bolsa, şol ýerde, buýsanja mynasyp bolan, ata-babalarymyzyň bedewli geçen şöhratly menzilleri ýatandyr. Şahyrana halkymyzyň edebi mirasy bolan, halkyň ýürek duýgusyny özüniň setirlerine siňdirip, şöhratly ýollary geçip, şu günlerimize gelip ýeten halk döredijilik eserlerinde bedewiň waspy uludan ýetirilýär. Ahalteke bedewleriniň şöhraty türkmen medeniýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki ahalteke bedewi halkymyzyň durmuşyndan, paýhasyndan we zehininden kemala gelen mirasydyr.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

-       Ynsan hemişe bagtly ýaşamaga ymtylýar. Bagtly bolmagyň syryny her kim özüçe açýar. Göwnünde beslän arzuwlaryna, öňünde goýan maksatlaryna ýeten adam bagtyýar bolýar. Meniňem hemişe bagt hakynda şygyr ýazasym gelýärdi. Megerem, ol şygry heniz sekiz ýaşlarymda çaga kalby ýaly ak kagyza ýazyp başlandyryn. Ýa-da ýaşlygymyň bahary bolan talyplyk ýyllarymda, ak şäheriň goýnunda ýazyp başladymmykam? Sag-aman ören ata mekanymyň ak säherinde işe barýan mahalym ýazdymmykam ol şygry? Belki, ömrümiň özi bagt hakyndaky şygyrdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýy bagt hakdaky şygyrlaryma sözbaşy, bagtyýar durmuşymyň gözbaşy boldy. Sözüň, edebiýatyň, şygryýetiň ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym meniň şygyrly göwnümi ganatlandyrdy, bagtyýar ömrümi zynatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň meniň çeken zähmetime şeýle ýokary baha bermegi meni has-da belent sepgitlere ruhlandyrdy.

Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň şäheri

Berkarar Watanymyz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dörän ajaýyp şäher milli we döwrebap binagärlik däplerini özünde jemleýär. «Akylly» şäheriň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyň, diplomlarynyň ençemesine mynasyp bolmagy onuň halkara ykrarnama eýe bolandygyny subut edýär. Şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide  Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy ajaýyp şähere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň güwäsidir.  «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara te

Ösüşiň täze basgançaklaryna tarap

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli hem döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle maksatnamalaryň netijesinde Türkmenistanyň ösen gaýtadan işleýän senagatly döwlete öwrülendigi buýsandyryjy hakykatdyr. Ykdysady görkezijileriň barha ýokary galmagy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlanýar. Geljekde Watanymyzyň ykbaly ynanyljak ýaşlaryň bilimden ýüki ýetik, akylly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar miwesini berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde nebitgaz ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünär öwrenýän talyp ýaşlar hem özleri barada edilýän aladalara oňat düşünip, oňa oňat okamak, dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlik gazanmak bilen jogap berýärler.

Her kelamy altyna deň

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyldaky iri wakalaryň hatarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma möhüm orun degişlidir. Foruma onlarça ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetler, şol sanda döwlet Baştutanlarydyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Sylaglananlaryň arasynda alymlaryň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Munuň özi akyldar şahyryň edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegine hem-de bütin dünýäde onuň şygyrlarynyň muşdaklarynyň has-da artmagyna itergi berýär. Talyplara bilim berenimizde, biz bular hakda giňden gürrüň edýäris. Şol bir wagtda, şahyryň öwüt-nesihat hem-de watançylyk mazmunly şygyrlaryndan mysallara ýüzlenýäris. Bu babatda şahyryň gözel tebigatymyz, ynsan häsiýetlerinden söz açýan şygyrlarynyň ähmiýeti has-da uludyr. Her bir sözi altyna deň şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Şahyryň şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Magtymguly at

«Çeleken» känindäki üstünlikler

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler barha nusga alarlyk derejä göterilýär. Bu buýsançly hakykaty nebitgaz ulgamynyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitindäki «Çeleken» baýlyklar mesgeninde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu kärhananyň türkmen Diýarynda nebit çykarmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň ýerasty genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen 10 aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan nebitiň möçberi 49 müň 223 tonnadan hem köp boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 105,2 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Bu baýry hazynalar ojagynda gürrüňi edilýän döwürde guýulardan ugurdaş tebigy gaz almagyň meýilnamasyna 104 göterim amal edildi.

Beýik maksat tutunanlaryň özleri-de beýikdir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşy diňe şu ýylda amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň jemleri hakynda bolman, eýsem, şol bir wagtda geljekde-de öňde duran işleriň maksatnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir türkmenistanly üçin özboluşly çagyryş bolup ýaňlandy. Biziň jemgyýetimizde halk bilen Prezident bir jan, bir tendir, aýrylmaz bitewülikdir. Halkymyz Garaşsyzlyga eýe bolan günümizden agzybirlik, jebislik ýoluny saýlap aldy we bu ýoluň dogrudygyny arka atylan otuz ýyldan gowrak wagt subut etdi. Bu geçen döwürde döwletimiz ähli ugurda uly ösüşleri gazandy. Bu ösüş-özgerişleriň gerimi şeýle bir uly welin, olary Garaşsyzlykdan öňki hem soňky döwri gören adam bolaýmasaň, göz öňüne getirmegem aňsat däl. Ýekeje mysal, türkmen halysyny daşary ýurtlaryň bazaryna çykaraýsaň, ýönekeý adamlar-a däl, hatda özüni bu ugurdan bilermen saýýanlar hem oňa «Hä, bu Buhara halysy» diýýärdiler. Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, halkymyz ähli gymmatlyklaryna eýe boldy. Häzirki döwürde ol gymmatlyklaryň sany artyp gidip otyr. Türkmen halylary hakynda aýdylanda, häzir olary tanatmak gerek däl

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

3-nji noýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar