"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Dünýä lukmançylygynyň görnükli alymy

Abu Aly ibn Sinanyň ömri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ibn Sina (Lukman Hekim) özüniň ýaşap geçen döwründe ýokary atlara mynasyp bolýar: «Hakykatyň güwäçisi», «Alymlarbaşy, beýik dana», «Arap Aristoteli», «Alymlaryň baştutany», «Kliniki farmakologiýanyň atasy», «Lukmançylygyň atasy». Alym-filosof ylym babatda öz döwrüne mahsus bolmadyk, ýagny dersleriň arasyndaky arabaglanyşykly çemeleşmäniň amaly tejribä ornaşdyrylmagyny ündäpdir. Ibn Sina diňe lukmançylygy däl, eýsem filosofiýany, astronomiýany, matematikany we beýleki ylmy ugurlary bilelikde öwrenipdir. Alym asman jisimleriniň hereketi bilen adamyň saglyk ýagdaýynyň arasyndaky arabaglanyşygyň bardygyny düşündiripdir we bejergi üçin astronomik aýratynlygyň oňaýly şertlerini peýdalanypdyr. Matematikany hasapnamalary we ölçegleri çykarmak, fizikany bolsa adam bedeninde bolup geçýän fiziologik hadysalary düşündirmek üçin ulanypdyr.

Uzak ýola çykylanda...

Ýurdumyzyň dürli künjeklerine, daşary ýurtlara syýahata, dynç almaga ýa-da iş saparyna gidilende ýanyň bilen çalşyrgyç eşik, iýmit önümlerini almak ýeterlik däldir. Ýol dermanhanajygyny götermek öýden daşarky ýaşaýyş şertlerinde saglygyňy goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Howa-klimat, wagt guşaklygy, iýmit, umuman ýaşaýyş-durmuş şertleri dürli sebitlerde dürli bolup, başga ýerden gelen adamyň bedeniniň olara uýgunlaşmagy üçin wagt gerek bolýar. Meselem, sowuk klimatly ýurtlarda yssy howaly ülkeden gelen adamyň bedeniniň aşa sowamagy hem-de munuň netijesinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Alys ýere gidilýän ýolda ýa-da barlan ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini almaga zerurlyk ýüze çykyp bilýär. Uzak ýola gatnaýan sürüjilerde şeýle ýagdaýlara duçar bolmak töwekgelligi has ýokary bolýar.

Dişler sagdyn görünse-de...

Dişleriň sadap ýaly berk, dür ýaly ak bolup, sapaga düzülen hünji ýaly owadan görünmegi entek agyz boşlugynyň sagdyndygyny aňlatmaýar. Diş etiniň keselleriniň öňüni almak hem agyz boşlugyny sagdyn saklamakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Stomatolog lukmanlaryň iş tejribesinde köp duş gelýän gingiwit, parodontoz ýa-da parodontit «parodontyň keselleri» diýlip atlandyrylýar. Parodont dişi gurşaýan dokumalar toplumy bolup, ol: √ diş etinden;

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy, pasla görä geýinmezlik, bedeniň üşemegi bolsa immunitetiň peselmegine, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär. Gyşda ýiti respirator ýokançlaryň öňüni alyş kadalary berjaý edilmedik ýagdaýlarynda dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa ýokançlaryň dem alyş ýollaryna aralaşmagyna we soňra olary zeperlendirip, keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Islendik wirusly ýokançlar, ylaýtada, çagalarda ýerli we umumy immuniteti gowşadýar. Şoňa görä-de wiruslaryň üstüne bakteriýa ýokançlarynyň goşulmak ähtimallygy ýokarlanýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar dümewi, ýiti respirator wirus ýokanç kesellerini ýüze çykarýar.

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyňýokarlanmagy (gipertoniýa) — bu, köplenç, biri-biri bilen baglanyşykly geçýän, gaýra üzülmelere getirýän kesellerdir. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglarda başga keselli näsaglar bilen deňeşdirilende 2 esse köp duş gelýär. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglaryň saglygyna düýpli täsirini ýetirýär, ýagny bu näsaglarda ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynda gaýra üzülme ähtimallygy has ýokary bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýagny arterial gipertoniýa getirýän esasy sebäpleriň biri-de insulinorezistentlilikdir. Insulinorezistentlilik — munuň özi adam bedeniniň insulin gormonyna duýgurlygynyň peselmegidir. Şonuň netijesinde dokumalarda gandaky glýukozany kabul etmeklik ukyby peselýär. Insulinorezistentlilik, esasan hem, semiz adamlarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý birbada ýüze çykmaýar, diňe metaboliki bozulmalar başlanan wagty bilinýär. Adamyň beden-agram indeksi 35-40%-den ýokary bolan ýagdaýynda insuline duýgurlyk 40%-e çenli peselýär. Insulinorezistentlilik giperinsulinemiýa (ganda insuliniň mukdarynyň ýokarlanmagyna) getirýär. Insulin gandaky kalsiý we natriý duzlarynyň öýjügiň içine geçmekligine täsir edýär. Olar hem öz gezeginde gan damarlarynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjyl

Çaga sagdyn bolmasa...

Sistit çagalarda ýygy duşýan keselleriň biridir. Ol peşew bölüp çykaryş ulgamynyň ýokançlar sebäpli zeperlenme alamaty hökmünde ýüze çykýar. Ýagny keseliň esasy sebäbi peşew ýollaryna kesel dörediji mikrobedenjikleriň düşmegidir we olaryň köpelip peşew haltanyň gaýnaglamasyna getirmegidir. Netijede, peşewiň reňki üýtgeýär, onda sülekeýli çökündi, kähalatda bolsa, ganjymak goşundyly nem ýüze çykýar. Gyzjagazlarda sistit oglanjyklara garanyňda 3-5 esse ýygy duşýar, bu olaryň beden agzalarynyň anatomiki aýratynlyklary bilen düşündirilýär.

«Berzeňňi» şypahanasynyň tebigy melhemleri

Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şypahana - dynç alyş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasy hem düýpli özgerdildi. «Berzeňňi» şypahanasy irki wagtlardan bäri mälim bolan mineral suwly çeşmäniň ýanynda ýerleşýär. Şypahananyň täze binasy 2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerdäki guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar. «Berzeňňi» tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 sany element bar. Bu suw sulfat-magniý, kaliý mineral suwlarynyň hataryna girýär. Onuň üýtgewsiz gyzgynlygy 37 gradusdyr. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň we ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenilýär. Çylşyrymly düzümli suwlar bedene köptaraplaýyn täsir edýär. Olaryň täsiriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ulanyş usulyna bagly bolup durýar.

Çaga beýni ysmazly näsaglarda «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamyny ulanmagyň usuly

Maýa ÖKÜZOWAGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi «Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçe garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip, buýsançly belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orny eýeleýär. Bu işleri amal etmekde diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, dünýä döwletleriniň çagalaryna hem haýyr-sahawat goluny uzadýan, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir. Gaznanyň howandarlygynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen

Inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň täze ýörelgesi

Annamyrat REJEPOW, Babaguly JUMAÝEW, Mähri DURDYÝEWA, Röwşen JUMAÝEW, Mähri JÜMMIÝEWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň inçekesel kafedrasy Inçekesele garşy göreş «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda inçekesele garşy göreş çärelerini amala aşyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy, inçekeseli anyklamak, gysga möhletde bejermek boýunça birnäçe täze usullar ornaşdyryldy. Şolaryň biri hem BSGG tarapyndan teklip edilen täze innowasion näsaga gönükdirilen çemeleşme hökmünde ykrar edilen inçekeselli näsaglary gatnaw şertlerinde bejermek usulydyr. Bu usulyň netijeliligi barada ylmy edebiýat çeşmelerinde gabat gelmek bolýar [1-4]. Şonuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýruklary, şol sanda «Türkmenistanda inçekeselli näsaglary bejermegiň ambulator modeli» işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Çagalarda paralitik göz çaşylygynyň uly burçlarynyň hirurgik bejerilişi

Aýgözel EZIZOWAHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi Paralitik göz çaşylykly çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň toplumlaýyn bejergisi hirurgik tapgyryny hem öz içine alýar [6, 7]. Gözüň gyşarmagyny aýyrmak üçin geçirilýän tenorafiýa operasiýalaryň hirurgik tehnologiýalary sazlaşykly göz çaşylygyny bejermekde öz netijeliligini görkezdi [2-4]. Awtorlaryň ylmy işlerinde belleýşi ýaly, sazlaşykly göz çaşylykda gözleriň göni muskullarynyň tenorafiýasynyň ýerine ýetirilmegi gözüň öňki böleginiň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagyna getirmeýändigi, onuň geçirilmeginiň tehnik taýdan ýeňildigi we operasiýa geçirilende gaýra üzülmeleriň döremeginiň ähtimallygynyň azdygy görkezildi [1-3]. Çagalyk döwründe ýüze çykýan paralitik göz çaşylygynda netijeli hirurgik çemeleşmeleriniň kämilleşdirilmeginiň gözlegi dowam edýär [5, 8].

Depressiýalaryň döremeginiň insultyň ýerine we derejesine baglylygy

Bahargül MEREDOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasy Soňky ýyllarda insultdan ejir çekýänleriň sany barha köpelýär, şol bir wagtda bolsa bu keselden ýogalýanlaryň sany azalýar. Bular, ilkinji nobatda, näsaglary bejermegiň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirilýär.

Metaboliki sindromyň öňüni alyş çäreleriniň wajyplygy

Çary NAZAROW, Gül-Bibi GELDIÝEWA, Batyr GURBANGULYÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, kadaly fiziologiýa kafedrasy Artykmaç agram bilen semizlik metaboliki bozulmalaryň ýaýran görnüşi bolup, häzirki döwürde lukmançylyk meseleleriniň esasyny düzýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, semizligiň ýaýramagy soňky ýyllarda 60-80% ýokarlanyp, bu patologiýa diňe uly adamlaryň arasynda duş gelmän, eýsem, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda hem onuň sany ýylsaýyn artýar [8]. Köp sanly alymlar tarapyndan bu meseläniň artmagyna häzirki döwürde gipodinamiýanyň we nädogry iýmitlenmegiň sebäp bolýandygy subut edildi [1, 2, 7]. Ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda bu keseliň sanynyň artmagynyň sebäpleri doly öwrenilmedikdir.

Ösmeýän göwreliligiň gematologiki markýorlary

Nargözel MYRATNAZAROWA, Güljahan HOJAMBERDIÝEWA, Swetlana PLESKANOWSKAÝA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy, Ylmy-barlag merkezi Häzirki zaman akuşerçiliginde ösmeýän göwrelilik (ÖG) wajyp meseleleriň biri bolmak bilen reproduktiw ýitgileriň 10-20%-ni tutýar [1-5]. ÖG-niň köp meseleleri oňat öwrenilip, olaryň anyklaýyş we bejeriliş algoritmleri işlenip düzüldi. ÖG-niň sebäpleri köp dürli bolup, olara genetiki faktorlar, alawlama hadysalary, endokrin, gemostaz we autoimmun bozulmalar degişlidir. Emma 40% ýagdaýda düwünçek ýitgisiniň sebäbi näbelliligine galýar [1, 2, 6].

Menopauzaly zenanlaryň ýürek-damar ulgamyna estrogenleriň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy Klimakteriki döwürde, owariektomiýadan soňky ýagdaýda, dowamly alawlama hadysalar sebäpli, ýumutgalyklaryň gormonal işiniň bozulmagynda zenanlaryň ýürek-damar ulgamynda aýdyň metaboliki we funksional üýtgemeler ýüze çykýar [2, 18, 21].

Injik-daban bognunyň şikesden soňky artrozynyň häzirki zaman bejergi usuly

Alym NAZAROWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi Injik-daban bognunyň artrozy bolan näsaglaryň bejergisi – möhüm lukmançylyk we durmuş-ykdysady mesele bolup durýar. Bu bolsa, esasanam, injik-daban bognunyň artrozynyň köp duş gelýändigi we bu patologiýada maýyplygyň ýokarlygy bilen baglanyşyklydyr [1-3].

Çagalarda Kawasaki keseli

Ýazgylyç ÝAWAN, Maral ŞYHLYÝEWA, Ogulkeýik BÄŞIMOWA, Rozygül ORAZOWA,Baýmyrat GOWUŞOW, Aýjahan HOMMYÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet pediatriýasy kafedrasy Kawasaki keseli (Kawasaki sindromy, deri-nemli limfanodulýar sindromy) orta we ownuk arteriýalaryň özboluşly zeperlenmesi we destruktiw-proliferatiw waskulitiň emele gelmegi bilen ýiti geçýän patologiýadyr. Ol kliniki taýdan gyzdyrma, nemli bardanyň, deriniň, limfatiki düwünleriň üýtgemesi, käte koronar we beýleki arteriýalaryň zeperlenmesi bilen ýüze çykýar. Bu kesel Ýaponiýada has ýygy duşýar (5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 112 sany). Russiýada 2016-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen 5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 6,6 ýagdaýda anyklandy. Şu keselden ölüm 0,1-0,5%-e barabardyr. Kawasaki keseliniň etiologiýasy we döreýşi entek az öwrenilendir [3].

«Zemin we ynsan saglygynyň nyşany»

Zeýtun agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylyp gelinýär. Şonuň üçin-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragynyň şekili ýerleşdirildi. Bu agajyň miwesi ynsan saglygy üçin-de iň gymmatly önümleriň biridir. Oňa «Zeminiň we ynsanyň saglygynyň nyşany» diýsek hem ýalňyş bolmaz. Sebäbi parahatçylyk — zeminiň, ýaşaýşyň, durmuşyň sagdynlygy. Käbir ylmy tapyndylar 6 müň ýyl öň hem adamlara zeýtun miwesiniň tanyş bolandygy baradaky pikirleri öňe sürmäge esas berýär. Babyl şasy Hammurapiniň miladydan öňki 1700-nji ýyllara degişli hasaplanýan kanunlar ýygyndysynda zeýtun ösümligi baradaky maglumat ilkinji gezek getirilýär. Zeýtun Gadymy Müsür bilen baglanyşykly suratlarda-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Ýunanlylar bolsa ony gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanypdyr. Dünýä ýüzünde 500-den gowrak görnüşi hasaba alnan zeýtunyň azyk senagatynda diňe 25 görnüşi ýaramly hasaplanylýar.

Gymmatly baýlyk

Kitap — ruhubelentligiň çeşmesi

Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.

Bagtyýar çagalygyň Diýary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini ýokary derejeli guramak, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga köpugurly şertleri döredýär. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyzyň hyzmatynda. Mary welaýat çagalar hassahanasyna gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitory