"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Ýer sürçekmi, ägä bol!

Gadyrly çagalar, gyş paslynda her bir adam saglygyny goramaklyga aýratyn ünsli bolmaly. Özümiziň we töweregimizdäkileriň saglygyny goramak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmak, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmak, köpçülik ýerinde howpsuz aralygy saklamak ýaly gaýragoýulmasyz talaplary yzygiderli we dogry berjaý etmeli. Gyş möwsüminde adamlaryň durmuşynda şikeslenme hadysalary hem duş gelýär. Muňa sebäp bolýan ýagdaýlar, esasan, ýeriň, ýollaryň doňup, sürçeklenmegi, typançak köwüşleriň geýilmegi, gündizleriň gysgalyp, günüň garaňky wagtynyň agdyklyk etmegidir. Şikeslenme hadysalarynyň arasynda-da kelle çanak-beýni şikesi, el-aýak süňkleriniň döwülmegi we garyşyk şikesler köp gabat gelýär. Ilkinji garyň ýagmagy bilen saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýan şikesli adamlaryň sany ýokarlanýar, olaryň 15 göterim töweregi sypjyrmak we süňk döwükleri bilen, 10 göterim töweregi çykyklar bilen baglanyşyklydyr. Bu möwsümde gar atyşyp oýnaýan çagalaryň gözüne gar tozgasynyň düşmegi zerarly, göz şikeslenmesi hem ýüze çykýar. Bularyň öňüni almak üçin zerur düzgünleri berjaý etmek esasy talap bolup durýar.

Halkymyzyň saglygynyň goragynda

Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy AŞGABAT, 18-nji ýanwar (TDH). Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.

Dümew we oňa garşy göreş çäreleri

Dümew dünýäde iň bir ýaýran keselleriň biri bolup, ol köplenç howanyň çalyşýan döwürlerinde — güýzde, gyşda we ir baharda ýüze çykýar. Muňa bu döwürde adamyň bedeniniň gowşamagy, pyýada az ýörelmegi, sowuk howadan dem almagyň ýygylaşmagy, howanyň öwzaýyna seredilmän, ýeňil geýnilmegi zerarly käbir agzalaryň sowuklamagy sebäp bolýar. Asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy dümewlemäniň ilkinji alamatlarydyr. Näsagyň kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany owum-döwüm bolup üşedýär, işdäsi kemelýär. Şeýle alamatlar ýüze çykanda hökmany ýagdaýda maşgala lukmanyny öýe çagyrmaly we onuň maslahatlaryny doly berjaý etmeli. Dümew näsaglygyň ilkinji günlerinden başlap, asgyrylanda, üsgürilende, gürleşilende tüýkülik arkaly sag adamlara geçip bilýär. Hiç haçan keseli aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Näsag bedeniniň gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatmaly. Eger şu talap berjaý edilmese, onuň dürli gaýraüzülmelere, garaşylmadyk täze howply dertlere duçar bolmagy mümkin.

Agyz-burun örtüklerini ulanmak öz saglygyňyzy goramakdyr

Jigime

Säher tur-da, jigim jan,Irki maşklaryňy et.Diýipdirler danalar:«Herekete — bereket». Gowy ýuw el-ýüzüňi,Kemi galmasyn hijem.Arassa sakla dişiň,Agyry gelmez, bilseň.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdyn durmuş - bagtyýar ýaşaýyş

Ata Watanymyz eziz Türkmenistan dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ulgamyň rowaç geljegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we bu ugurda ildeşlerimize şahsy görelde görkezmegi, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ilkinji orunda durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda, welaýat merkezlerinde gurulýan saglyk öýlerini, hassahanalary, sport toplumlaryny, şeýle hem dynç alyş öýlerini göreniňde, bu Watanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artyp, kalbyňa rahatlyk, bedeniňe sagdynlyk aralaşyp, bu ugurlarda alyp barýan işlerimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Möwsümleýin näsaglykdan goranalyň!

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin, näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Ol hem degişli derman serişdeleriniň haýsysyny içmelidigini, wagtyny we möçberini kabul etmegini näsaga maslahat berip biler.

Sag başym — soltan başym

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Birek-birek bilen 2 metr howpsuz aralygy saklaň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň newropatolog lukmany Enejan Tahyrowa we şepagat uýasy Gülnabat Akgaýewa näsaglaryň tiz sagalmagy ugrunda yzygiderli alada edýärler we olara özleriniň maslahatlaryny berýärler. Bölüme ýüz tutup gelýän näsaglar bu ýerdäki lukmanlardyr şepagat uýalaryndan hoşal bolup gidýärler. Çünki, her bir işde yhlas bar. Bölümiň lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň yhlasy ýerine-de düşýär.

Ysmanagyň saglyga peýdasy

Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Almanyň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek saglygymyzyň girewidir. Şunda sagdyn iýmitlenmek hem örän möhümdir. Sagdyn iýmitlenmek kadaly iýmitlenmekdir. Oňa peýdaly miweleri iýmek hem degişlidir. Ynsan saglygyna peýdaly miweleriň biri hem almadyr. Alma ynsan ýaşaýşynda uly orun tutýar. Ol saglyga peýdaly, keselleriň öňüni almaga ýardamly, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Almanyň eti sowuklama, bakteriýalara, skleroza garşy, iç sürüji, peşew ýörediji, gakylyk gopduryjy, derlediji, ýara bitiriji, öt çykaryjy, ýatkeşligi gowulandyryjy täsirlere eýedir. Ol gan öýjükleriniň döreýiş, ösüş, kemala geliş hadysalaryny tijendirýär. Almanyň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, pektinler bolsa içegeden zäherli maddalary, bakteriýalary, holesterini çykarýar. Bu miwe uzak wagtlap saklananda-da, düzümindäki maddalaryň täsiri ýitmeýär, pektin bolsa almanyň gabygynda-da köp saklanýar. Şonuň üçin onuň gabygyny artman iýmek peýdalydyr.

Geliň, örtüklerimizi dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Saglygyň goragynda

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komiteti, etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan düzülen bilelikdäki meýilnama esasynda etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramakda alnyp barylýan ägirt uly işleriň ähmiýeti, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin kesellerden goranmak, pasla görä geýinmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, iki metr aralykdaky howpsuz araçägi saklamak, sagdyn iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça maslahatlary berdiler.

Ýylyň ähli ylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlary

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Kadaly ukynyň peýdasy

Adamyň sagdyn we netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan wagty onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Ukudaky adam belli bir sesleri, yşyklary saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesme-de adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky döwründe beden rahatlanýar we onuň ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Sebäbi uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir. Şeýle-de häzirki wagtda howanyň sowamagy we ondaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükler

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly! Elleriňizi hapa

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!