"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry) Hormatly adamlar!

Ynsan saglygy — jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy

Ýurdumyzda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda hem paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Melhemlik ösümlikleriň ylmy beýany

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara wise-premýerler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

Saglyk, bilim, sport: täze tehnologiýalar we ösüş

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşlere beslenýär. Bu ulgamlara häzirki zaman tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, oňyn netijeler gazanylýar. Şoňa görä-de, şu ýylyň 9 — 12-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerinde ylmy maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan halkara forum lukmançylyk ylmynyň, bilim, sport ulgamlarynyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän platformalaryň birine öwrüldi.

Saglygy goraýyş maksatly binalar

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzda geçirilen dabaraly çärelere gatnaşýanlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar, saglygy goraýyş işgärleri bar. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübäreklediler.

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraý

Sagdyn nesil — kuwwatly Watan

Ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we dermen senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistan döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan nusgalyk işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

«Saglygym — begligim»

Ýakynda Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öňdebaryjy ýaş saglygy goraýyş işgärleri — döwrümiziň buýsanjy» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde zähmet çekýän öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyl käri lukman bolan Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ony dikeltmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça zerur şertleriň ählisi döredilýär.

Täze bina – ajaýyp mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary ýaly, saglyk ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär. Öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durky düýpgöter täzelenýär. 9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasy hem özüniň ajaýyplygy, dünýä ülňülerine kybap gelýändigi bilen tapawutlanýar. 4 gatdan ybarat bolan binada arassaçylyk we gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we iýmit ugurlary boýunça täze innowasion tehnologiýalar we tejribeler durmuşa ornaşdyrylar hem-de degişli barlaghanalaryň işini sazlamak hem-de olary yzygiderli barlamak, metrologiýa taýdan üpjün etmek hem-de barlaghana işlerine gözegçilik barlaglaryny geçirmek çäreleri amala aşyrylar.

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş e

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş e

Saglyk — durmuş gözelligi

Milli saglygy goraýşyň binýady berkidilýär

Ynsan saglygyny goramagyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygyna deňelýän ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Asylly däbe görä, giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. 9-njy oktýabrda ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş düzümleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabarany baýramçylyk ruhuna besledi.

Ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder.

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň martynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna esaslanyp guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär.

Sowgatlar gowşuryldy

Welaýat köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabara tejribeli lukmanlar, Türkmenabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, dermanhana we S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň işgärleri hem-de Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyndan we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilata ýokary hilli bejeriş, maslahat beriş we anyklaýyş kömegini bermekde has tapawutlanýan saglygy goraýyş işgärlerini maddy we ruhy taýdan höweslendirmek maksady bilen geçirilen dabarada lukmanlaryň çykyşlary diňlenildi.

Şepagat uýalary bäsleşdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Iň göreldeli şepagat uýasy» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlar, ilki bilen, özlerini çeper sözler, goşgular arkaly  tanyşdyrdylar. Soňra saglyga degişli goşgulary ýatdan labyzly aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik  kitabyndan melhemleriň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Özleriniň alyp barýan işlerinden bir parçany sahnada janlandyrdylar. Täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, welaýat enäniň  we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şepagat uýasy Mähri Tuwakowa birinji,  welaýat stomatologiýa merkeziniň şepagat uýasy Bahartäç Tuwakowa ikinji, welaýat köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa bölüminiň şepagat uýasy Uzukjemal Ýelhanowa we Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň  şepagat uýasy Ýazgül Täzegurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular.   

Saglygy goraýyş ulgamy ösüş ýolunda

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň etrap zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Saglygy goraýyş ulgamy ösüş ýolunda» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde bitirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler, bagtyýar durmuşda ýaşaýan raýatlarymyzyň saglygynyň döwletimiziň baş baýlygydygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Mähriban halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini  arzuw etdiler.

Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mollagara şypahanasynda Balkanabat şäher häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, asuda Watanymyzyň waspyny edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleri açyp görkezýän sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Olara Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik  kitabynda beýan edilýän ot-çöplerden taýýarlanan melhemlik çaýlar hödür edildi. Medeni çäräniň dowamynda göreldeli zähmet çekýän lukmanlara we şepagat uýalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi açyldy

Çarşenbe güni Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. “Häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýän milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary özüniň binýadyny düýpli berkitdi. Munuň özi köp babatda iri özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça kabul edilýän çäreler we ornaşdyrylýan öňdebaryjy tejribeler bilen şertlenýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda bu ulgamda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.