"Bilim" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-86-00

Makalalar

Belent maksatly türgen

Durmuş kitabyny ýatdan bilýän dana pederlerimiz «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz», «Ýykylan göreşden doýmaz» diýen ýaly nakyllary miras goýupdyrlar. Danalaryň parasatly pähimlerine eýerýän ildeşimiz Şatlyk Rahmanow diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da gollary berdaşly, güýçli pälwan hökmünde tanalýar. Ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri sportuň pauerlifting görnüşi bilen meşgullanyp, türkmen sportunyň abraýyny arşa galdyryp gelýär. Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetinde kätip bolup işleýän Şatlyk Rahmanowyň ady sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ussat pälwan hökmünde sport janköýerlerine giňden mälimdir. Gollary berdaşly türgen ata-babalarymyzyň “Giden getirer...” diýişleri ýaly, ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda geçirilýän halkara, Aziýa we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, hemişe baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watana ýeňiş bilen dolanyp gelýär. Ýeri gelende ýatlasak, Şatlyk sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ýurdumyzyň 14 gezek çempiony boldy. Ol soňky sapar, geçen 2020-nji ýylda (7 — 11-nji iýul aralygynda) Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda Daşoguz şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdy. Şol çempionatda 120 kilogramdan ý

Dünýä ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl eziz Diýarymyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär. Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň

Aşgabat — halkara ýaryşlaryň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologik howpsuzlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi. Hormatly Prezidentimiziň halklaryň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyý

Dünýä Kubogy ugrunda

FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy boýunça futbol ýaryşlarynyň bijeleri çekildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilmeli ýaryşlar 4 — 11-nji fewral aralygynda Katarda guralar. Her yklymyň Çempionlar ligasynyň ýeňijilerini jemleýän ýaryşlara gatnaşýan 7 toparyň diňe biri häzirlikçe belli däl. 30-njy ýanwarda oýnaljak finaldan soň Libertadores kubogynyň ýeňijisi-de bu ýaryşlara goşular. Okeaniýa zolagynyň çempiony «Oklend Siti» topary bolsa, ýaryşlardan çekilýändigini mälim etdi. Çekilen bijä laýyklykda, 2-nji tapgyrda ýer eýesi Kataryň «Al-Duhail» topary bilen Afrikanyň çempiony «Al-Ahli» (Müsür) duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi çempionlygyň esasy dalaşgäri «Bawariýa» bilen ýarym finalda özara güýç synanyşar. 2-nji tapgyryň ýene bir oýnunda Demirgazyk Amerikanyň çempiony «Tigres UANL» (Meksika) bilen Aziýanyň çempiony «Ulsan Hyundai» (Koreýa Respublikasy) toparlary duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi-de Günorta Amerikanyň çempiony boljak topar bilen finala çykmak ugrunda özara güýç synanyşar. Duşuşyklar Kataryň Al-Raýýan şäherindäki 40 müň orunlyk – Ahmed bin Ali hem-de «Education City» stadionlarynda oýnalar. Oýunlara BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed, senegally Maguette N’Diaýe, gwatemalaly Mario Eskobar, braziliýaly Edina Alwes Batista, urugwaýly

Ökdeler öňe saýlandy

Şweýsariýanyň St. Morris şäherinde bobsleý hem-de skeleton boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiligi geçirildi. Bobsleý boýunça ýaşlaryň arasynda iki adamly bäsleşikde germaniýaly Hans Peter Hanninghofer bilen Kristian Roder öňe saýlandy. Dört adamly bäsleşikde ýer eýeleriniň türgenleri münberiň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Zenanlaryň arasyndaky iki adamly bäsleşikde Germaniýanyň türgenleri Laura Nolte bilen Deborah Lewi watandaşlary Lisa Bukwitz bilen Sintia Kwofiden tapawutlandy.

Onýyllygyň netijeleri jemlenildi

Halkara futbol taryhy we statistiki federasiýasy (IFFHS) soňky 10 ýyllygyň iň gowy milli ýygyndylarynyň tälimçileriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda Germaniýanyň ýygyndysyna 2014-nji ýylda Dünýä Kubogyny gazandyran Ýoahim Löw birinji orny eýeleýär. Ikinji basgançaga Dünýä Kubogyny gazanan Fransiýanyň milli toparynyň tälimçisi Didie Deşam çykdy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Tite sanawa 3-nji hatardan goşuldy. Urugwaýyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Oskar Tabares 4-nji, Portugaliýanyň ýygyndysyna Ýewropa çempionlygyny gazandyran Fernando Santoş 5-nji orny eýeleýär. Dünýä Kubogyny, Ýewropanyň çempionlygyny gazanan ispaniýaly Wisente Del Boske, Belgiýanyň ýygyndysynyň ispaniýaly tälimçisi Roberto Martines, argentinaly Hose Pekerman, belgiýaly Mark Wilmots hem-de Angliýanyň ýygyndysynyň häzirki tälimçisi Gari Sautgeýt ilkinji onlugy jemlän tälimçilerdir.

Ýewropa çempionaty geçirildi

Polşanyň Gdansk şäherinde Şort trek konkili ylgamak boýunça Ýewropanyň çempionaty geçirildi. Jemi 10 ugurdan geçirilen bäsleşiklerde sportuň bu görnüşiniň öňdebaryjysy hasaplanýan Niderlandlaryň türgenleri 5, Russiýanyň wekilleri 4 altyn medallary gazandy. Ýene-de bir altyn medaly fransiýaly türgenler eýelemegi başardy. Erkekleriň arasynda 500 metr aralyga bäsleşikde russiýaly Konstantin Iwliýew ýeňiji boldy. 1000 we 1500 metr aralyga ýaryşlarda Semýon Ýelistratow öňe saýlandy. Ol umumylykda-da iň köp utuk toplan türgen bolup, altyn medala mynasyp boldy. Italiýaly Pietro Sighel umumy sanawda 2-nji, gollandiýaly Itzhak de Last 3-nji ýeri eýeledi. Toparlaýyn 5000 metr aralyga estafeta bäsleşiginde Niderlandlaryň ýygyndysy altyn, italiýalylar kümüş, russiýaly lyžaçylar bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Tälimçiniň ilkinji ýeňşi

Günorta Amerikanyň Klublar boýunça 2-nji derejeli futbol bäsleşiginde Sudamerikana Kubogynyň finalynda iki argentin topary duşuşdy. Argentinanyň Kordoba şäherinde oýnalan finalda «Defensa Hustusia» topary bilen «Lanus» topary özara güýç synanyşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Defensa Hustusia» topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bir döwürleriň meşhur futbolçysy, belli hüjümçi Hernan Kresponyň tälim berýän toparyna ýeňiş hem-de çempionlyk getiren pökgüleri 34-nji minutda Frias, 62-nji minutda Romero, 90+2-nji minutda Kamaço derwezä geçirdi. Bu ýeňiş 19-njy gezek geçirilýän ýaryşda «Defensa Hustusia» toparynyň ilkinji çempionlygydyr. Argentin klublarynyň 9-njy çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. 45 ýaşly Krespo tälimçiliginde ilkinji kubogyny asmana göterdi. 

Meşhur boksçular duşuşarlar

Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi, britaniýaly boksçular Entoni Joşua bilen Taýson Fýuriniň şu ýylyň dowamynda tutluşyk geçirmegine garaşylýar. Bu barada taraplaryň ylalaşyk gazanandyklary barada habar berildi. Duşuşygyň haçan geçiriljekdigi belli bolman, ýylyň ahyrlaryna geçiriler diýlip çaklanylýar. 31 ýaşly Joşua häzirki wagtda WBA, WBO, IBF hem-de IBO ugurlary boýunça çempionlyk guşaklaryny özünde saklaýar. 24 ýeňşiniň 22-sini nokaut bilen gazanan Joşuanyň 1 ýeňlişi bar. WBC-niň çempionlyk guşagynyň eýesi Fýuri 30 gezek ýeňiş gazandy. Ol bir duşuşygynda deňme-deň çykyş etdi. 

Nadalyň nobatdaky rekordy

«Uly tuwulga» kubogyny iň köp gazanan iki tennisçiniň biri bolan ispaniýaly Rafael Nadal täze rekord goýdy. Ol ATP-niň yglan edýän sanawynda yzly-yzyna 800 hepdeläp ilkinji onlukda galmagy başardy. Häzirki wagtda 2-nji basgançakda barýan Nadal muny başaran ilkinji tennisçi boldy. Bu ugurda ozalky rekord Jimmi Konnorsa degişli bolup, yzygiderlilikde 789 hepdeläp birinji onlukdan düşmändi. Nadal 2005-nji ýylda ilkinji gezek öňdäki onluga adyny ýazdyrypdy. 33 ýaşly tennisçi şondan bäri ýeke gezek hem ilkinji onlukda aşak düşmän gelýär. Umumylykda, Nadal ilkinji onlukda 800 hepdäni arka atan 3-nji tennisçidir. Ondan öňde yzygiderli bolmadyk ýagdaýda şweýsariýaly Rojer Federer 931 hepde bilen 1-nji, amerikaly Jimmi Konnors 816 hepde bilen 2-nji ýeri eýeleýär.

Futbolyň gyşky transfer möwsümi

Futbolda gyşky transfer möwsümi ýokary depginlerde dowam edýär. Italiýanyň «Milan» topary serbiýaly hüjümçi Mario Manžukiçi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzüme goşdy. 34 ýaşly oýunçy şowly oýun görkezse, onda şertnamanyň möhleti ýene-de bir ýyla uzaldylar. Italýan topary «Fiorentina» hem «Spartak Moskwanyň» russiýaly hüjümçisi Aleksandr Kokorini transfer etdi. Italýan topary 29 ýaşly hüjümçi bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Türkiýäniň «Fenerbahçe» topary-da «Arsenaldan» germaniýaly ýarymgoragçy Mesut Özil bilen düzümini güýçlendirdi. Stambullylar Özil bilen 3,5 ýyllyk şertnama gol çekişdiler. «Bundesligada» iň aşaky orunda barýan «Şalke» topary «Aýaksdan» gollandiýaly hüjümçi Klaas-Ýan Huntelaary ýarym ýyllyk möhlet üçin transfer etdi. Weteran hüjümçi 2010 — 2017-nji ýyllar aralygynda-da «Şalkede» oýnapdy. Şeýle-de, «Napoliniň» polşaly hüjümçisi Arkadiuş Milik mundan soň sport ýoluny «Marsel» toparynda dowam etdirer. 26 ýaşyndaky hüjümçi 1,5 ýyllyk şertnama gol çekdi. «Real Madridiň» horwatiýaly hüjümçisi Luka Ýowiç hem ozalky topary «Aýntrahta» dolandy. 23 ýaşyndaky oýunçy möwsüm tamamlanýança nemes klubunda kärendesine çykyş eder. Ol eýýäm 2 duşuşykda oýnap, 3 gezek tapawutlanmagy hem başardy. Ispaniýaly hü

Sport syýasatynyň gadamlary

Yhlas ýeňşe ýetirýär Milli Liderimiz il-günümiziň saglygyny goramakda edýän tagallalarynda tutumly işlere badalga berýär. Güneşli Diýarymyzda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ýurdumyzda sportuň ösdürilmeginde giň mümkinçilikleri açýar.

Watançy nesiller

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň sport meýdançasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Biz — watançy nesiller» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Onda ýaş türgenler sportuň uzak aralyga ylgamak, köpçülik bolup tanap çekmek, futbol, woleýbol, tens görnüşleri boýunça özleriniň kämilliklerini görkezdiler. Bu sport ýaryşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Serdar — ezber pälwan

Çagalyk arzuwy, ýürek islegi Serdary 8 ýaşynda sportuň dzýu-do görnüşine getirdi. Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde önüp-ösen zehinli oglanjygyň sportuň bu görnüşine imrikmegine kakasy Jumanazar Rahymow sebäp boldy. Ol heniz başlangyç synpda okaýarka kakasynyň göreş tutuşyny synlap, «Menem ulalsam, kakam ýaly pälwan boljak» diýer eken. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlen pähim bar. Jumanazar aga oglunyň göreşe höwesekdigini bilip, ony etrapdaky 1-nji sport mekdebine eltýär. Serdara bu ýerde tälimçi Baýram Şerapow, öýünde bolsa Jumanazar aga göreşiň inçe syrlaryny irginsiz öwredýärler. Sporta höwesek Serdar etrapdyr welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, deň-duşlaryndan tapawutlanyp başlaýar. 2017-nji ýylda Serdar Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine okuwa girýär we öz agram derejesi boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde, çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. 2018-nji ýylda bolsa görkezen netijesine görä ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalygyna kabul edilýär. Häzirki wagtda hem ol ýygyndy toparyň düzüminde ýaryşlara taýýarlyk görýär.

Sport. Sport. Sport.

Ýaş türgeniň üstünligi Ýakynda welaýatymyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň 14-si Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi boldy. Olaryň arasynda çagalykdan sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeläp gelýän Wekilbazar etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Azat Myradow hem bar. Azat Sakarçäge etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar. Onuň çagalykdan sporta bolan söýgüsi, höwesi, bu ugurdaky üstünlikleri ene-atasyny, mugallymlaryny, tälimçisini hem-de deň-duşlaryny guwandyrýar.

Sportuň şöhraty dünýä dolýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we sportuň gülläp ösen mekanyna öwürmek babatda uly işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda türkmen sportunyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan taryhy wakalaryň bolup geçmegi şeýle diýmäge esas berýär. Milli Liderimiziň ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp görmegi, ol ýerde şu şanly ýylda ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy, şeýle-de geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi şeýle buýsançly wakalardyr. Galyberse-de, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň netijelerine dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, gaýtadan seredilendigi, şonuň bilen baglylykda bu çempionatda itekläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolan türkmen türgeni Ýulduz Jum

Bagtyň goşa ganaty

ýa-da sportuň ýakymly dünýäsi hakda kelam Sportuň ýaryş, bäsdeşlik ruhy hem bardyr welin, göwnüňe bolmasa, onuň baýramçylyk ruhy has rüstem gelýän ýaly. Eger sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň janköýeri bolsaňyz, gyzykly ýaryş dowam edýärkä, dünýäni unudyp, tutuş kalbyň bilen şol ýaryşa siňmegiň duýgusy siziň üçin ýat däldir. Soňky bir ýyl bäri Ýer ýüzi şeýle ýaryşlara teşne boldy. Koronawirus ýokanjy adamzady az salymlyk hem bolsa iri sport ýaryşlaryna (diýmek, baýramçylyklara) arakesme bermäge mejbur etdi. Ýöne 2021-nji ýylyň umyda, ynama beslenen howasy bize ýene-de iri sport baýramçylyklarynyň ýakymyny buşlaýar. Täze ýylyň 20-nji ýanwar güni şol ýakym bizi ýene öz dünýäsine dolady.

Sport — abadançylygyň we parahatçylygyň ilçisi

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi Bu ýerde milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzy Olimpiýa şäherçesine gelende bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Yhlas we yzygiderli türgenleşik ýaryşlarda ýeňşe ýetmegiň iň zerur şertidir

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikleri geçýärler. Muňa 20-nji ýanwarda milli Liderimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we olimpiýa hereketiniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

Döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.