Näme üçin himiýany gowy öwrenmeli? (Bilim we geljek)

6 Dekabr 2021
2396

«Her gün ir bilen arassa «H2O» içmek siziň saglygyňyza peýdalydyr. Emma köp mukdarda «NaCl» sarp etmeklik siziň saglygyňyza zyýan ýetirip biler. Juda halaýan bolsaňyz hem «C12H22O11» iýmegiňizi çäklendiriň. Çünki aşa köp iýmegiňiz süýji keseline ýol açyp biler. Şeýle-de her gün elleriňizi ýygy-ýygydan «C17H35COONa» bilen ýuwmagy unutmaň!».

Käte «Ähli zady himiýa dilinde aýtmaly bolsa nädip bolarka?» diýip pikir edýän. Eger şeýle bolan bolsady, dükana baryp gerek zadymyzyň formulasyny ýadymyza düşürip bilmän ýalňyş maddany alyp gaýdardyk. Ýokardaky saglyk maslahatyndan hem görnüşi ýaly himiýa durmuşyň ähli ýerinde biziň öňümizden çykýar. Ulanýan her bir jisimimiz, iýýän-içýän azyk önümlerimiz, geýýän geýimlerimiz, dem alýan howamyz, hatda ynsan bedeniniň özi hem durky bilen himiýadan ybaratdyr. Eger-de ýokardaky maslahaty okap «suw, nahar duzy, şeker we sabyn» barada gürrüň edilýändigini duýan bolsaňyz, bu siziň himiýadan azda-kände baş çykarýandygyňyzy aňladýar. Eýsem, himiýany has gowy we çuňňur bilmegimiz bize nähili artykmaçlygy gazandyrýar? Geliň, bu barada öwreneliň!

Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar