Kitap okaýanyň ruhy baý

26 Noýabr 2021
2886

Gumdag şäheriniň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirdik. Ösüp gelýän ýaş nesli kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen geçiren bäsleşigimiz «Kitap okaýanyň ruhy baý» diýlip atlandyryldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar onuň şertlerine laýyklykda, çeper eserlerden bölekleri ýatdan aýtmak, goşgulary labyzly okamak boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülendam Babanýazowa birinji, 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Öwsegül Hojaberdiýewa ikinji, 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Hanowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar