Ylmy diplomatiýanyň dünýä ykrarnamasy

25 Oktýabr 2021
2794

Geçen ýyllarda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň has giňändiginden habar berýär. Şu mysalda türkmen döwletiniň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýasynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyny görýäris.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilip, orta mekdeplerimiziň birnäçesiniň bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizilmegi hem Türkmenistanda alnyp barylýan medeni işleriň we ylmy diplomatiýanyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär.

Allabergen MAMUTOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti.
Beýleki habarlar