Robot balyk

30 Sentýabr 2021
1802

Deňizde ýa­şa­ýan jan­dar­la­ry öw­ren­mek hä­zir­ki döw­rüň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ga­ra­maz­dan, he­ni­zem kyn iş. Bu me­se­lä­ni ýe­ňil­leş­dir­mek is­le­ýän hünärmen­ler tä­ze tas­la­ma­la­ry iş­läp düz­ýär­ler. Mas­sa­çu­sets Teh­no­lo­gi­ýa Ins­ti­tu­ty­nyň (MIT) In­for­ma­ti­ka we eme­li in­tel­lekt la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri de­ňiz gur­şa­wy­ny has ýa­kyn­dan öw­ren­mek üçin si­li­kon kau­çuk­dan we uza­lyp gid­ýän plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan ro­bot ba­ly­gy dö­ret­di. «So­Fi» at­ly ro­bot-ba­lyk Fi­ji ada­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky mer­jen ga­ýa­lyk­la­ryn­da ge­çi­ri­len sy­nag­da 40 mi­nut­lap 15 metr­den gow­rak çuň­luk­da aý­la­nyp, ýer­leş­di­ri­len ka­me­ra­sy bi­len ýo­ka­ry hil­li su­rat­la­ry we wi­deo­la­ry ýaz­ga ge­çir­di. Guý­ruk­ly ro­bot öňe ýü­züp, şeý­le hem aň­sat­lyk bi­len su­wa çü­müp we ýo­ka­ry çy­kyp bil­ýär. To­par suw ge­çir­me­ýän uzak­dan do­lan­dy­ryş­ly en­ja­my ula­nyp, onuň tiz­li­gi­ni we he­re­ke­ti­ni do­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. Dün­ýä­niň il­kin­ji ro­bot-ba­ly­gy mo­tor, ka­me­ra we li­tiý po­li­mer ba­ta­re­ýa­sy ýa­ly bö­lek­ler­den yba­rat bo­lup, ag­za­lan en­jam­la­ryň äh­li­si hä­zir­ki smart­fon­lar­da ula­nyl­ýar. Guý­ru­gyn­da­ky gid­raw­lik (suw bi­len iş­le­ýän) na­sos ro­bo­tyň dür­li ta­ra­pa he­re­ket et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ba­ly­gyň elekt­ron me­ha­nizm ýer­leş­di­ri­len kel­le­si üç öl­çeg­li prin­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len.

«So­Fi» ro­bo­ty ses­siz­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, de­ňiz jan­dar­la­ry­ny hem ür­küz­me­ýär. Ge­çi­ri­len sy­nag­da ba­lyk­lar onuň gap­da­lyn­dan ýü­züp ge­çip­dir. Bu bol­sa ro­bo­ta ba­lyk­la­ry ýa­kyn­dan wi­deo ýaz­ga al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Hü­när­men­ler ro­bo­tyň gel­jek­ki nus­ga­la­ry­na ter­mo­metr ýa­ly beý­le­ki sen­sor­la­ry goş­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar. «So­Fi»-niň ses­siz he­re­ket­len­di­ri­ji­si we suw as­tyn­da ra­hat gez­mek uky­by bi­len hünärmenler su­was­ty jan­dar­la­ry bi­yn­ja­lyk et­mez­den tä­ze mag­lu­mat­la­ry alyp bi­ler­ler. Suw as­tyn­da ýü­ze­nin­de ul­gam ara­gat­na­şyk üçin ult­ra­ses im­puls­la­ry­ny ulan­ýar.

Beýleki habarlar