Durmuş ýörelgämiz bolar

27 Sentýabr 2021
2357

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şu ýyl maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýokary okuw mekdebinde bilim almaga girişen ilkinji günüm hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçy ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy bütin geljegim üçin okuw hem durmuş maksatnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz şol okuw sapagynyň üsti bilen Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezdi. Biziň öňümizde hem şu göreldä eýerip, geljekde öz Watanyna wepaly ýaşlary terbiýelemek wezipesi dur. Munuň üçin bolsa köp okamaly, halypalardan öwrenmeli. Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden institutymyzda döwrüň talaplaryny ödeýän hünärmenler bolup ýetişmek üçin ähli şertleriň bardygyna göz ýetirdim. Professor-mugallymlarymyz ýokary derejeli bilim berýärler, baý kitap gory bolan kitaphana hem talyplaryň hyzmatynda. Internet ulgamyndan, multimediýa serişdelerinden peýdalanmaga hem mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, bize diňe gowy bahalar bilen okamak galýar.

Oguleke SULTANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar