Ylmy sözleýişde baglanyşyk

19 Sentýabr 2021
2238

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryna düýpli üns bermegi netijesinde, esasy halkara dilleriň biri bolan iňlis diliniň has giňden öwrenilip başlanmagy uly ähmiýete eýe boldy. Indi çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdebine çenli, hatda aspirantura döwründe hem bu dilde hünär bilen bagly sözleýiş endikleriniň kämilleşdirilmegi işjeň alnyp barylýar. Netijede, halk hojalygymyzyň dürli pudaklaryny, bazar ykdysadyýetini, ylmy, medeni, syýasy gatnaşyklary dünýä derejesine ýetirmekde iňlis diliniň hyzmaty möhüm. Sebäbi islendik hünärdäki adamlaryň şu dilde hasabatlary, teklipnamalary taýýarlamagy, ylmy maslahatlarda çykyş etmegi, taslamalaryň ylmy-tehniki esaslaryny ýazmagy we bir dilden beýleki bir dile terjime işlerini alyp barmagy ussatlygy talap edýär. Öňde duran şu maksatlara ýetmek üçin, dil öwretmekde usulyýetiň has netijeli görnüşlerine geçmek derwaýys hasaplanýar. Täze dil öwretmek usulyýeti nähili häsiýete eýe? Onuň amal edilmegi üçin haýsy ylmy-usuly şertler zerur?

Bu usulyýet iňlis diliniň maksatlaýyn öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Okatmagyň mazmuny we onuň bilen bagly käbir usuly aýratynlyklar öňe çykýar. Bu diýildigi, ilki bilen, iňlis diliniň başlangyç esaslaryny, gepleşik dili resmi-dolandyryş, ylmy, ýazuw görnüşlerini we olara degişli okatmak usulyýetlerini aňladýar diýildigidir. Meselä has çuňňur aralaşanymyzda bolsa, iňlis dilini maksatlaýyn öwretmek işi esasy hünär bilen baglanyşykly dil öwretmegi göz öňünde tutýar. Bu ylmy-usuly ugur ýokary okuw mekdeplerinde iňlis diliniň has netijeli öwrenilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Muňa garamazdan, eýýäm orta mekdepleriň ýokary synplarynda hem diliň şu babatda öwrenilmegi geljekki üstünligiň girewidir.

Myrat BEGLIÝEW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
Beýleki habarlar