Tebigaty goramakda täze çelgiler

3 Aprel 2021
2285

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, obasenagat toplumyny tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sanly ulgama geçilmegi pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär.

Köpçülikleýin innowasion tehnologiýa geçmek önüm öndürmek boýunça bäsdeşlige ukyply kärhanalaryň köpelmegine getirýär. Olaryň ykdysady taýdan netijeliligi ýokarlanýar, girdejileri artýar. Her pudakda, meselem, maldarçylykda her bir mal boýunça hasaplamalary awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmak işine girişildi. Ösen önümçilik we tohumçylyk hojalyklarynyň, barlaghanalaryň we weterinar gulluklaryň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygy başlandy. Bu bolsa tejribe toplamaga ýardam berýär. Oba hojalygynda resminamalar bilen işleşmek elektron görnüşe geçirildi. Maglumatlary barlamak hem ýeňilleşdirildi.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar