Ekologiýa abadançylygy — sagdynlygyň binýady

31 Mart 2021
2073

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin amatly toprak-howa şertlerinde pürli, saýaly we miweli baglaryň, şeýle hem üzümiň görnüşleriniň köpçülikleýin ekilişi guramaçylykly hem-de yzygiderli alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda, pudagara we sebitara gatnaşyklary amala aşyrmakda awtoulaglaryň ähmiýeti örän uludyr. Awtoulaglar biziň gündelik durmuşymyzda ençeme ýeňillikleri döredýändigine garamazdan, olar atmosfera howasynyň hapalanmagyna täsirini ýetirýär. Awtoulaglardan çykýan zyýanly tüsseler daşky gurşawyň ekologik bozulmalaryna getirýär. Hasaplamalara görä, bir awtoulagyň ýakýan ýangyjynyň howa çykarýan zyýanyny aradan aýyrmak üçin 10 düýp agajyň ösdürilip, ýetişdirilmegi zerurdyr. Awtoulaglaryň zyýanly tüssesi adamlaryň dem alyş ýollarynyň kynlaşmagyna we çykarýan sesleri nerw dartgynlylygynyň döremegine getirýär.

Agahan ABDYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar