Üstaşyr ulag mümkinçilikleri — ileri tutulýan ugur

9 Mart 2021
1660

Hormatly Prezidentimiz multimodal gatnawlary ulanmak bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň uludygyny hemişe nygtaýar. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Ýuwaş ummandan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalary aýratyn ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary işe girizilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, howa gatnawlarynyň depginini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gatnawlaryny dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň ýüzlerçe awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyz yklym we yklymara howa ýollaryndaky iri üstaşyr logistik merkeze öwrülýär.

Allaberdi AŞIROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory.
Beýleki habarlar