Taryhy tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

2 Mart 2021
1521

Şu gün — 2-nji martda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ideýalara ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şoňa görä-de, bu sene strategik hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere gaýtadan ser salmaga, häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hakda pikir öwürmäge mümkinçilik berýär.

Sylapberdi NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.
Beýleki habarlar