Bahar geldi Diýara

1 Mart 2021
1751

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzy köpugurly gurluşyklaryň mekanyna öwrüp, täze senagat, medeni-durmuş, ýaşaýyş maksatly binalaryň ýüzlerçesini, döwrebap oba-şäherçeleri halkymyzyň rowaçlygyna bagyş edýän eziz Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy bilen bagly her bir tutumly işi kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Şunda aýratyn hem gözel tebigatymyzy baýlaşdyrmak babatdaky beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde paýtagtymyzyň dag eteklerinde, baýyrlyklarda kemala getirilen gür tokaýlar, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden kaşaň köşkleriň, belent binalaryň, täsin suw çüwdürimler toplumlarynyň töwerekleriniň läle-reýhan bolup açylýan täsin gülleri bu gün bahar paslynyň ajaýyp bezegine öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri taryhy wakalary, şanly seneleri bilen toý-baýramlara beslenip, gün-günden gözelleşýän Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar pasly özüniň ajaýyp öwüşgini bilen ýurdumyzyň sähra-ýaýlalaryna doldy. Bahar paslynda tebigatyň janlanmagy, daş-töweregiň gözüňi dokundyrýan al-elwan güllere we reňklere beslenmegi göwnüňi göterip, ýaşaýşa, bagtyýar durmuşa bolan höwesiňi artdyrýar.

Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binagärligi bu gün tebigatyň özboluşly owadanlygy bilen kämil sazlaşygy kemala getirýär. Gurluşykçylarymyzyň guran täsin desgalarydyr belent ymaratlarynyň her biri owadanlygy, berkligi, amatlylygy bilen bagtyýar raýatlarymyza egsilmez şatlygy, buýsanjy paýlaýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçer. Köpetdagyň eteginiň bezegi boljak kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy, Hökümet münberi, Halkara kongresler merkezi, Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda gurulýan «Garagum» myhmanhanasy, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan kemal tapan täsin binalarymyz ýaly ak şäherimiziň gözelligine gözellik goşjak günleri daşda däl. Gözel Aşgabat bu gün nurana görki bilen jahana nur saçýar.

Altyn HUDAÝBERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar