Dört pasla başdyr ýaz

28 Fewral 2021
2094

Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen ähli zatlaryň janlanyp, tebigatyň al-ýaşyl reňke bürenmegi adamlaryň ruhuny göterip, olary täze umyt-arzuwlara atarýar. Türkmeniň baharynda ene mähriniň mylaýymlygy duýulýar. Aslynda baharyň keşbi gözellik babatynda ajaýyp sungat eseri bilen bir umumylyga kybapdaş — ol al-elwan gülleri, täsin jadysy bilen özüne çekýär. Baglardaky pyntyklar daş-töweregimize özboluşly bezeg berýär. Guşlaryň naşyja jürküldileri ynsan ýüregini joşdurýar.

Älem-jahany Günüň şöhlesi bilen täzeläp gelýän ýazyň keşbini görmäge göz gerek. Ak bulutlary bahar ýagşyna öwrülip, Asmanyň Zemin bilen tapyşýan ýerinden bölünen düýe sürüleri ýaly, dargap, otluklara siňip gidýär. Ümmülmez giňişligi eýeleýän Garagumuň säher kemeri ertiriň şapagynda gyzgylt görünýär. Beýik baýra çykyp, sagyňa hem soluňa garasaň, Zemine ýapylan gülli halyda nazaryň eglenýär. Şol halynyň merkezinde möwç urýan deňiz tolkunlaryny ýatladýan maýsalaryň bahar şemalyna gapdala gyradeň gyşaryp, soňra öňki halynda dikelmegi we bu görnüşiň gaýtalanmagy kalbyňy göterýär, başyňy dik tutup, tämiz howany işdämenlik bilen demiňe dartýarsyň. Ynsan şeýle ahwalatda şol maýsalardan halkyň ammarlaryny doldurjak däne harmanlaryny göz öňüne getirýär.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar