— Bilgirje, aýsbergler barada gyzykly maglumatlary bilesimiz gelýär...

21 Fewral 2021
2183

— Aýsbergler Antarktidanyň we Arktikanyň kenarýaka böleginden bölünip aýrylýan ägirt uly buz bölekleri bolup, olara başgaça «buzdaglary» hem diýilýär. Bu äpet buz bölekleri bölünip gaýdan ýerlerinden erkin ýüzüşe çykanlaryndan soň, ummanlaryň akymyna görä hereket edip, müňlerçe kilometr arany açýarlar we ýyly ýurtlaryň ýerleşýän ýerlerine çenli baryp ýetýärler. Arktikadan bölünip gaýdan buzdaglaryň 4000 kilometr aralygy geçip, Bermud adalaryna çenli, Antarktidadan ýüzüp gaýdan aýsbergleriň 5000 kilometr ýol söküp, Rio-de-Žaneýronyň kenarlaryna çenli ýetýän ýagdaýlary hem bolýar.

Aýsbergleriň dykyzlyk derejesi deňiz suwunyň dykyzlygyndan 10 göterim pesdir. Şonuň üçin hem daşky görnüşiniň juda uludygyna we agramynyň müňlerçe tonna ýetýändigine garamazdan, olar suwuň düýbüne çümmeýärler. Şeýle hem olaryň göwrüminiň 90 göterim bölegi elmydama suwuň aşagynda ýerleşýär. Suwuň üstündäki görünýän bölegi bolsa onuň bary-ýogy 1/10 bölejigidir.

«Güneş».
Beýleki habarlar