Gyzylgum — gyzylly hum

17 Fewral 2021
1827

Gyrkylyk yzly bu çöl hakynda oýlananyňda, seriňe hut şeýle pikir gelýär. Hakykatdan-da, Gyzylgumuň topragynyň asty-da, üsti-de baýlyklardan doly. Indi birnäçe ýyldan bäri çölümiziň göwsünden «mawy ýangyç» we «gara altyn» gazylyp alynýar. Türkmen tebigy gazy bolsa alysdaky Hytaýa akdyrylýar. Çölümiziň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän owadan we dürli-dürlüdir.

Hawa, Gyzylgum çöl däldir, ol behişdiň bir parçasydyr. Onda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri bar. Olar hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Şol sebäpli adamlar Gyzylgumy tebigy dermanhana hasaplap, onda ösýän şol ösümliklerden dertlerine dowa tapýarlar.

Göwher DOSMYRADOWA,
Hojambaz etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar