Gadymy mekanyň gözellikleri

10 Fewral 2021
1885

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy ösümliklere, ýabany haýwanlara, dürli görnüşli guşlara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly amala aşyrýan bimöçber aladalarynyň netijesinde goraghananyň haýwanat, ösümlik dünýäsi barha baýlaşýar. Goraghana degişli Gaplaňgyr hem-de Gulantakyr meýdançalary, şeýle-de Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary bar.

Şu goraghananyň çäginde ýerleşýän Sarygamyş kölüniň taryhy örän aňyrdan gaýdýar. Onuň döremegi Amyderýa bilen baglanyşykly bolup durýar. Sebäbi  Amyderýa, alymlaryň aýtmaklaryna görä, VII-VIII asyrlarda öz akymynyň ugruny Sarygamyş çöketligine ugrukdyrýar. Şonuň netijesinde, şol döwürde Sarygamyş çöketligi suwdan dolup, ýokary derejä ýetýär. Sarygamyş köli ýurdumyzyň çäginde uly baýlyk bolup durýar. Sebäbi kölüň töwereginde haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşaýar. Olardan keýikler, Bathyzdan göçürilip getirilen gulanlar hem şu kölüň kenaryna gelýärler.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar