Kämil nesilleri ýetişdirmek baş maksadymyzdyr

7 Fewral 2021
1593

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow turuwbaşdan eziz Diýarymyzy bagtly çagalygyň ýurdy diýip nygtamak bilen, ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Biz munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy üçin alyp barýan beýik işlerine nazar aýlanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň: “Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan ylymly-bilimli, Berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar” diýip nygtaýşy ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde kämil, watansöýüji nesli ýetişdirmek jana-jan borjumyzdyr. Şeýle borjy amal etmek üçin bolsa ähli şertleriň bardygyny, giň mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen nygtamalydyrys. Ilki bellemeli zatlaryň biri-de, ýurdumyzda bilim maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň hem düýp özeninde ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamyna deňleşdirmek ýaly tutumly işler goýulýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, gurlup ulanmaga berilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli, milli öwüşginde bina edilýän çagalar baglaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini synlanyňda, ýurdumyzda bu ugurda beýik işleriň alnyp barylýandygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ýalpyl MYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we bilim bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar