Daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär

1 Fewral 2021
1833

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, okatmagyň dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy usullaryna we milli tejribä esaslanýan bilim maksatnamalary kabul edilýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar hem bar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen daşary ýurt dillerini öwrenmek we öwretmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Şondan ugur alnyp, mekdep okuwçylarynyň azyndan üç dili suwara bilmegini gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy we täze okuw maksatnamalary girizildi. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi ulanmaga berildi. Olarda okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplary we gollanmalar çap edildi. Ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy.

Maýa ATAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar