Bagtdan paýly körpeler

1 Fewral 2021
1637

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap çagalar bakja-baglarynyň ençemesi hereket edýär. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň arasynda ýerleşýän 165-nji çagalar bakja-bagy 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda gurlup ulanylmaga berildi. Indi 5 ýyldan gowrak wagt bäri bu döwrebap bilim ojagynda çagalar terbiýelenýär. 160 orunlyk bu çagalar bakja-bagy 2 gatly, ak mermerli uly binadan ybaratdyr. Bu ýerde çagalar toparlarynyň 8-si, ýagny, 2 sany bakja, 6 sany bag toparlarynyň terbiýelenmegi üçin dünýäniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän ähli amatly şertler döredilen.

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilmegi ýöne ýerden däl. Ene-atalar öz çagalaryna döwrebap terbiýe bermekde ellerinden gelenlerini edýärler. Diňe bir ene-atalar däl, tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat hem hut şu alada bilen gurşalandyr.

Beýleki habarlar