Arkadagyň dünýä nusgalyk syýasaty

21 Ýanwar 2021
1945

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda bolmagy nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga ulanmaga berildi. Garagum sährasynyň bu welaýata degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Sebitiň ilatly ýerlerini, dürli maksatly desgalary gaz bilen üpjün edýär, şeýle-de Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine harytlyk önüm ugradylýar. Halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan «Malaý—Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi birleşdirýär. Bu ýerde täze gurlan desga guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga täsir eder.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar