Buýsanja beslenýän taryhy wakalar

21 Ýanwar 2021
1893

Eziz Watanymyzyň özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine, halkara hukuk kadalaryna daýanmak arkaly, birek-birege hormat goýmak, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk esaslarynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryna eýerýändigi hemmämize mälimdir. Munuň şeýle bolmagy hem döwletimiziň sazlaşykly we okgunly ösüşi üçin, netijeli hyzmatdaşlyk etmekde giň mümkinçilikleri, amatly şertleri döredýär. Bu günki gün türkmen halky bagtyýarlyk döwründe ýaşaýandyklaryna tüýs ýürekden buýsanýar. Munuň özi jemgyýetimiz we döwletimiz üçin eýelenen belent sepgit, gazanylan iňňän uly taryhy ösüş, ýetilen beýik dereje. Türkmen jemgyýeti egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna, gadym döwürlerden gözbaş alýan ynsanperwerlik häsiýetleriniň dünýä ýaýylýandygyna guwanyp ýaşaýar.

Dünýä parahatçylyk nuruny çaýýan eziz Watanymyzda asudalygy hem-de agzybirligi berkarar etmek, halklaryň birek-biregi goldamak hem-de ynanyşmak häsiýetlerini rowaçlandyrmak babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine 2021-nji ýylyň — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulýan maksatnamalaryň, dürli çäreleriň ählumumy parahatçylygyň, halkara ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna, dünýä giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegine bagyşlanýandygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, bu döwür, bu eýýam türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasatyny, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesini baýdak edinip, täze many-mazmun, täzeçe röwüş bilen baýlaşýar.

Bagtyýar BATYROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar