Watanymyzyň röwşen geljegi

18 Ýanwar 2021
2145

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mähriban ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Watan ezizligi, Watan mertebesi hemme zatdan ýokarda durýar. Eziz Diýarymyzyň waspy dillerde dessan bolup ýaňlanýar. Öz ojagynda bagt, şatlyk duýýan ynsan dünýäde iň bagtly adamdyr. Hawa, şahyr aýtmyşlaýyn, türkmeniň başyny bir supra jemläp, eziz Arkadagymyzyň ajap eýýamy geldi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasatynyň ýene bir üstünligidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär.

Mähri TAGANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar