Dünýä dostdur Türkmenistan

14 Ýanwar 2021
2791

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir ýylyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ykdysady, medeni ösüşleriň ýyly bolmagy arzuw edilip, mynasyp derejede atlandyrylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biziň döwletimizde 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu şygar ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginden nusga alýar. Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty dünýä halklarynyň parahat, abadan, asuda ýaşamagyny üpjün edilmeginden ugur alýar. Dünýä ähmiýetli meseleleri taraplara bähbitli çözmek ýörelgesinden ugur alyp, ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukugyny berkidip, asylly maksatlaryna ygrarly bolup gelýär.

Türkmenistan bu gün diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýetini has hem artdyrdy. Giňden köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Birleşen Milletler Guramasy bilen Bitarap Türkmenistanyň möhüm ugry bolup durýar.

Nurnabat Gurbangulyýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar