Neşirleriň täze sany

14 Ýanwar 2021
2834

«Türkmen arhiwi»

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanylan «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet we nazaryýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere, iri forumlara, resmi materiallara gysgaça syn berilýär. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi, daşary ýurtlara iş saparlary, Birinji Hazar ykdysady forumy möhüm wakalar boldy. Degişli makalalaryň tapgyry döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birine – resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermek işine bagyşlandy. Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy hakynda makala aýratyn orun eýeleýär. «Resminamalaryň gymmatyny seljermek boýunça işleri guramak», «Hatlary we telefonogrammalary ýazmagyň düzgünleri» ýaly makalalar şol meselä bagyşlandy. Türkmenbaşy şäheriniň döredilmeginiň 150 ýyllygy taryhy hakyndaky maglumatlar şolaryň biridir. «Türkmen halysy – halkyň ýüzüniň tuwagy» atly makalada halyçylygyň gelip çykyşy hakynda arhiw maglumatlary we subutnamalary getirildi. Neşiriň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli köpdürli fotomateriallaryň baý mazmunly toplumy ýerleşdirildi.

Beýleki habarlar