Saglyk — ömrümiziň baş baýlygy

4 Dekabr 2024
285

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, adamlaryň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, iň täze we kämil anyklaýyş-bejeriş usullaryny ulanmak arkaly ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmak ýaly maksatlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşler täze belentliklere sary ilerleýär. Bu ugurda gazanylýan oňyn özgerişlikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsünden hem sowa geçmeýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik taslamalary esasynda gurlup, dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň öndüren lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Kaşaň binalarda ýerleşen, iň soňky tilsimatlar ornaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, obalarda hem az däl. Ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan okuw mekdebinde — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmanlar üçin kämilleşdiriş okuwlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň ýola goýulmagy, şeýle-de derman senagaty kärhanalarynyň hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan şypahanalaryň döredilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky öňegidişlikleriň aýdyň mysaly bolup durýar.

Maksat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar