Bitaraplyk — ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgesi

25 Noýabr 2024
389

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Bitaraplyk taglymaty esasynda ösüşler gazanylýar, milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, halkara hyzmatdaşlyk ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşi, türkmen döwletiniň mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygy içeri we daşary syýasatyň netijelerinde aýdyň ýüze çykýar.

Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň 26-synyň kabul edilendigi Türkmenistanyň halkara hukugyň ösüşinde mynasyp goşandynyň bardygyny aýdyň şöhlelendirýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hem kabul etdi. Munuň özi döwlet derejesindäki we halkara derejedäki işlere badalga bolup durýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar