Kämilligiň binýady

20 Noýabr 2024
253

Hormatly Prezidentimiziň bilim babatda badalga beren özgertmeleri ýaş nesliň aň-düşünjeli, sowatly, ökde hünärli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky alada ýugrulandyr. Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda döwrebap bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin eziz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri  häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde bilim alýarlar, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde saglyklaryny berkidip, günlerini şadyýan geçirýärler. Ýurdumyzda bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Ylmyň soňky gazananlary ulgama giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün edýär hem-de ýaş nesliň aň-düşünjeli, hünärine ökde, maksadaokgunly, döredijilikli pikirlenýän, tehnologiýalardan we daşary ýurt dillerinden baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Akjagül AMANNAZAROWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar