Okuwçy ýaşlar internet olimpiadasyna gatnaşdylar

20 Noýabr 2024
327

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça guralýan internet olimpiadasynyň II tapgyryna Kaka etrabynyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça has zehinlileri ýüze çykarmak bu olimpiadanyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, olimpiadanyň nobatdaky tapgyryna taýýarlykly gelen etrabymyzyň mekdep okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça zehin-başarnygyny doly derejede görkezdiler. Olaryň birnäçesiniň görkezijileri has-da guwandyryjy boldy.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar