Kitap — hazyna

19 Noýabr 2024
275

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär». Bu jümlede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaba goýýan belent sarpasy açylyp görkezilýär. Şonuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň arasynda kitaba bolan gyzyklanmanyň barha artmagy örän guwandyrýar.

Kitap okamaga islegiň artýandygyna kitaphana işgäri hökmünde gündelik durmuşymyzda has anyk göz ýetirýäris. Kitaphana ýazylýan okyjylaryň sany yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýynda welaýatymyzyň kitaphanalaryna täze ýazylan okyjylaryň sanynyň 8 müň 500-e golaýlamagy hem munuň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bu gün welaýatymyzyň kitaphanalarynyň okyjylarynyň sany 115 müňden geçýär.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar