Röwşen geljegimiziň aladasy

19 Noýabr 2024
303

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy döwrebap ösýär, kämilleşýär. Bu ugurdaky Döwlet maksatnamalarydyr konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligi ýokarlanýar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegine täze şertleri emele getirýär.

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyrýar. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermäge gönükdirilen, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýän bu Konsepsiýalaryň durmuşa geçirilmegine bilim-terbiýeçilik edaralaryň işgärleriniň her biri mynasyp goşandyny goşýar.

Akmaýa HÜMMETGULYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar