Ösen tehnologiýalardan peýdalanmak

19 Noýabr 2024
473

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz beýik maksatlara gönükdirilen bilim syýasaty bilen rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar nesiller üçin ägirt uly aladalar edilýär. Bilimiň halkara giňişligine çykarylmagynda sebitde we dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri hasaplanýan iňlis diliniň öwrenilmegine uly orun berilýär.

Daşary ýurt dillerini ynamly, ygtybarly ulanmakda umumybilim basgançagynyň ähmiýeti uludyr. Munuň şeýledigi orta mekdeplerde iňlis diliniň grammatikasynyň we sözleýşiniň öwredilmeginiň barha kämilleşdirilmelidigini delillendirýär. Jemgyýetçilik ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, häzirki ösýän döwür bilim ulgamynda hem, şol sanda daşary ýurt dillerini okatmakda hem täze tehnologiýalaryň döredilmegine we ulgamda ulanylyşynyň işjeňleşdirilmegine getirdi. Döwrebap tehnologiýalaryň sapakda peýdalanylmagy täze usulyýetleri ýüze çykardy. Şeýle usulyýetleriň kämilleşdirilmeginde okatmagyň döwrebap serişdeleriniň, has oňaýly sanly tehnologiýalaryň okuw işinde giňden ulanylmagy möhüm orny eýeleýär.

Göwher BABAÝEWA,
Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar