Bi­ta­rap­lyk, bag­ty­ýar­lyk — bir aja­ýyp saz­la­şyk

19 Noýabr 2024
355

Dünýä biziň ýurdumyzy ykdysady ösüşleriň we baý mümkinçilikleriň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanaýar. Dünýä biziň döwletimizi bu gün Bitaraplygyň mekany hökmünde tanaýar. Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky çärýek asyrlyk wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine doly ygrarly bolup gelýändigini görkezdi.

Halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biz üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň öňünde goýlan wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hem-de BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ornuny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler» diýip ýazýar.

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy
Beýleki habarlar