Parahatlyk — ömürlerň çyragy

15 Noýabr 2024
225

Parahatçylyk sözüniň güýji-täsiri her bir ynsanyň kalbynda üýtgeşik duýgulary oýarýan bolsa gerek. Parahatçylygyň ähmiýeti dünýäniň abatlygy, adamlaryň haýyrly duýgularynyň bitewiligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Düýn Türkmen döwlet Neşirýat gullugy bilen «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren medeni çäresi hem parahatçylyk diýlen kämil we arzyly düşünjäniň ähmiýetine bagyşlandy.      Çäräni «Esger» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Aýgül Garaýewa açdy we ol alypbaryjy hökmünde ynsan ömrüniň nury-çyragy bolan parahatçylyk babatdaky pikirlerini labyzly şygyr setirleri bilen utgaşdyryp beýan etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda parahatçylygyň höküm sürmegi babatda alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň manysy we ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi.

Dursun TEKÄÝEWA
«Dünýä edebiýaty».
Beýleki habarlar