Kitap marafony: okamak endiginiň açary

18 Noýabr 2024
276

Türkmen topragy dünýä ylmynyň ösen, meşhur alymlaryň okan, zähmet çeken, döreden topragydyr. Bu gün şol mukaddes toprakda ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda kämilleşmegi ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Kitap marafony» hem şol ýörelgelerden gözbaş alýar.

MARAFON (Μαραθών) — bu grek sözi bolup, ol «uzak ýol» diýmegi aňladýar. Kitap marafony dünýäde meşhurlyga eýe bolup, uly göwrümli kitaplary uzak wagtyň dowamynda okamak üçin okyjylar oňa agza bolýarlar. «Kitap marafonynyň» esasy maksady ýaşlarda peýdaly endikleri kemala getirmek, ýady, pikirlenişi we hyýaly düşünjeleri ösdürmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmakdyr. Oňa gatnaşýan agzalar okamak üçin yglan edilen kitaby berlen möhletiň dowamynda okaýarlar hem-de öz aralarynda pikir alyşýarlar. Degişli meýilnama laýyklykda, gatnaşyjylara näçe wagtyň dowamynda näçe sahypa okalmalydygy barada ugrukdyryjy maglumatlar berilýär.

Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar