Dost-doganlygyň şuglasy

18 Noýabr 2024
264

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ata Watanymyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär. Bu gün Türki medeniýetiň halkara guramasy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanýandygy has-da guwandyrýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelerde bu hakykat aýdyň dabaralandy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy noýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek bilen bagly geçirilen dabaralar her birimizde begenç we buýsanç duýgusyny döretdi. Dag eteginiň gözel künjeginde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň hem bolandygyny bellemek juda ýakymly.

Güljahan SOLTANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar