Saglygymyzy goralyň!

11 Noýabr 2024
275

Ýokanç däl keselleriň hataryna degişli keselleriň biri süýjüli diabetdir. Nädogry iýmitlenip, aşa köp agram almak, az hereketlilik, ýygy duş gelýän nerw dartgynlylygy süýjüli diabetiň döremegine sebäp bolup biler. Kä halatlarda çagalaryň arasynda süýjüli diabet keseliniň döremegine olaryň irki ýaşda ene süýdi bilen däl-de, emeli süýt garyndylary bilen iýmitlendirilmesi, körpä goşmaça iýmit berlende düzüminde köp mukdarda emeli garyndylary saklaýan azyk önümleriniň ulanylmagy sebäp bolýar.

Her bir saglyk öýünde «Saglyk mekdepleri» döredilip, bu ýere gelýän raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almakda kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden çetde durmagyň, fiziki işjeňligiň, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyryp alyp barmagyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ylaýta-da, süýjüli diabeti iň irki döwürde ýüze çykarmak, döremeginiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlary öz meýdançasynyň çäginde ýaşaýan töwekgellik şertleri bolan adamlaryň toparyny gözegçilikde saklamaly. Öňüni alyş barlaglaryndan geçmek bu keseli gizlin döwründe ýüze çykarýar.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar