Immun ulgamyny işjeň ýagdaýda saklamak üçin peýdaly maslahatlar

10 Noýabr 2024
374

Güýz paslynyň dowam edýän döwründe öz saglygyň barada alada etmek örän möhümdir. Sepgit döwründe sagdyn iýmitlenmek, howa görä geýinmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek esasy şertlerdir. Kadaly iýmitlenmek barada bellänimizde, günde azyndan 3-4 gezek iýmitlenmek we suwuk, buglanan naharlara ýykgyn etmek, gök we däneli önümleriň dürli görnüşlerini gündelik iýmek bedeniň immun ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam berýär. Günüň dowamynda bedenimiz ýeterlik derejede suwuklyk alanda immun öýjükleriniň kemala gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin hem dürli demlemeleri we melhemlik çaýlary içmek maslahat berilýär. Esasy ünsi ertirlik naharlaryna bermeli, ýagny ertirlikde süýtli, däneli önümler bolan dürli şüleleri iýmegi endik etmek bedeniň şol günki goraglylygy üpjün etjek immun öýjükleriniň kemala gelmegine ýardam berer.

Immun öýjükleri gündelik täzelenip durýar, olaryň adam bedeninde täzeden kemala gelmegi üçin hökmany suratda ýeterlik mukdarda belok gerek. Belogyň esasy çeşmesi süýt önümleri bolup durýar. Däneli önümler bolsa beden üçin dürli witaminleriň, mikroelementleriň we uglewodyň çeşmesidir. Däneli önümleriň aglaba görnüşinde çylşyrymly uglewodlaryň saklanýanlygy sebäpli, beden diňe onuň gerekli mukdaryny özleşdirýär. Bu bedeniň gerekli wagta çenli dokluk duýgusyny saklamagyna ýardam berýär. Süýt önümlerinde D witamini saklanýar, süýt önüminiň düzüminde ýag bolanlygy sebäpli goşmaça ýagy ulanmagy talap etmeýär. Gök önümleriň düzüminde mikroelementler we witaminler saklanýar. Bu bolsa immun öýjükleriniň kemala gelmeginde möhümdir.

Gaýgysyz ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar