Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

5 Aprel 2024
773

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bu ajaýyp senä uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş we sport ulgamlary döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar