Mähir bilen ezizlänim

23 Ýanwar 2024
1444

Mährem käbelerimiz hakynda ýazylan eserleri okadygyňça, heýkeldir çekilen suratlara syn etdigiňçe kalbyňa nur çaýylýar. Käbelerimiziň söýgüsi, mähri, hamraklygy, bala-çagasyna berýän asylly edep-terbiýesi, göreldesi, ýakymly hüwdüleri mydama-da wasp edilip, aňymyzda müdimilik orun aldy. Çünki her bir ynsanyň söýegi enedir. Käbelerimiziň nurana keşbi hakydalarymyzdan hiç haçan öçmeýär. Olaryň mährini, söýgüsini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýar. Enäniň keşbi biziň hakydamyzda nurly kuýaş deýin şöhlesini saçyp, iň ýakymly ýatlamalary peşgeş berýär, egsilmejek söýgüsi bilen kalplarymyzy seýikleýär. Öýe gelenimizde käbämiziň ýeke sözi, mähirli ýylgyryşy, gujak açyp garşylaýşy bizi bagtyň röwşen ýollaryna atarýar. Ene söýgüsi perzendiniň bütin ömrüne gorag tumarydyr.

Enäniň her bir sözi alkyş, päk arzuwlardyr, her jümlesi perzendiniň sag-salamat bolmagydyr. Enäniň hüwdüsi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr, ýagty umytlardyr. Köňüllere aramlyk çaýýan, durmuş atly ömür ýoluňda ajap owazy bilen dünýäňi bezeýän hüwdüleriň, enäniň mähir doly aýdymlarynyň ornuny hiç bir aýdym tutmaz. Hüwdi edil ene söýgüsi ýaly ömrüňe pena bolup, onuň owazy gulaklarda owadan labzy bilen ýaňlanyp durýar. Hakydadan köp zat öçýär, ýatdan köp zat çykýar, emma, ene keşbi, ene hüwdüsi, mähir-ýylysy ömürboýy seniň bilen galýar. Olary unutmaga ne wagtyň, ne-de erkiň güýji ýetýär. Gaýtam, ýaşyň geçdigisaýy, käbämiziň keşbini görmäge zar göwnüň barha atygsap, ýyly mährine küýsegiň artýan eken. Goý, hemişe güler ýüzli käbelerimiziň mukaddes söýgüsi biziň ömür ýolumyza ýagtysyny saçsyn!

Sona ÝAZKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar