Tämiz ekologik gurşaw — röwşen geljegiň güwäsi
Türkmen topragy ösümlik we haýwanat dünýäsine gaty baýdyr. Ol özüne mahsus daglary, düzleri, derýalary we beýleki suw çeşmeleri, sähralary we jeňňelleri bilen tapawutlanýar. Olaryň ekologiýa taýdan arassalygy ynsanlaryň saglygyna kepil geçýär, şu gününi we röwşen geljegini ak ýollara atarýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilendir. Tebigatyň gözelliklerini has-da artdyrmak, ony gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzy tokaýlaşdyrmak boýunça geçirilýän köpugurly toplumlaýyn çäreler umumy döwlet bähbitlerini we onuň ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegi göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilýär. Ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlary ýaýratmak, adamlaryň arasynda ekologiýa bilimleri giňden ýaýratmak, ilaty habarly etmek, tebigaty goramak baradaky wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyz ýol, köpri gurmagy hem-de bag ekmegi iň bir sogaply işler hasaplapdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wa