Ýollar şuglazar bolsun, çöller lälezar bolsun!

18 Iýun 2024
928

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ekologiýa abadançylygy, tebigy ekoulgamlaryň abatlygy babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty il-ýurt bähbitli taslamalaryň, durmuş-ykdysady maksatlaryň tebigat bilen sazlaşykda ýola goýulmagyna gönükdirilýär. Şunlukda, senagatyň tebigata, adam saglygyna zyýanly täsiriniň peseldilmegi we daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy, tebigy çeşmeleriň energiýalarynyň peýdalanmagy we landşaft dürlüligiň saklanyp galmagy bilen baglanyşykly döwrebap çözgütler kabul edilýär. Täze ýerleri özleşdirmek, suwarymly meýdanlaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ilatyň ýaşamagy we işlemegi üçin amatly gurşawy döretmek, tebigy baýlyklary tygşytlamak maksady bilen, ykdysadyýete ylmy täzeçillikler, «ýaşyl tehnologiýalar», «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgeleri ornaşdyrylyp, ösüşiň täze — innowasion basgançaklaryna geçilýär.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar