Ýürek-damar kesellerinden (ÝDK) BSGG-niň 2018-nji ýyldaky maglumatyna görä, her ýyl 17,9 mln adam ýogalýar, bu bolsa dünýäde hemme ölümçiligiň 31%-ni tutýar. Ýewropanyň aglaba ýurtlarynyň her million adamsynyň 20-den 40 müňi stenokardiýadan ejir çekýär [8]. Bu ýagdaýlaryň näsagyň ýaşyna we jynsyna baglydygy anyklanylan. Aýallarda 45-54 ýaşda ÝDK bilen keselleýjiligiň ýygylygy 0,1-1%-e, 65-74 ýaş aralygynda 10-15%-e, erkeklerde 45-54 ýaş aralygynda 2-5%-e, 65-74 ýaş aralagynda bolsa 10-20%-e deňdir.
Häzirki wagtda stenokardiýaly näsaglary anyklamakda we bejermekde esasy ünsi ÝDK-niň geçişini agyrlaşdyrýan utgaşyp gelýän keselli näsaglara berilýär [4, 6]. ÝDK boýunça, esasanam, ýüregiň işemiýa keselinde (ÝIK) lukmançylyk kömegine ýüz tutýan näsaglaryň aglaba böleginde içki agzalaryň birnäçe keselleri ýüze çykarylýar. Bu bolsa köp keselleriň patogeneziniň mehanizmleriniň umumylygy we ýokary derejede ýaýraňlylygy bilen esaslanýar. Meselem, ÝIK-li näsaglaryň 52%-de dowamly böwrek keselleri, 67%-de arterial gipertenziýa, 45%-de semizlik, 38%-de süýjüli diabetiň 2 tipi, 62% ýagdaýlarda bolsa, öýkenleriň dowamly obstruktiw keselleri duş gelýär. Islendik kesellerde utgaşyp gelýän keselleriň bar bolmagy olaryň geçişini, netijesini we çaklamasyny şübhesiz ýaramazlaşdyrýar [3, 7]. Türkmenistanda ÝIK bilen utgaşyp gelýän keselleriň düzümi entek doly öwrenilmedik. Şunuň bilen baglylykda, ÝIK-niň geçişine täsir edýän faktorlaryň öwrenilmegi kliniki we esasly kardiologiýanyň wajyp meselesi bolup galmagyny dowam edýär [1, 2].